Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Wenesuelanyň hökümdarlaryna "hyzmatdaşlyk etmek" ýa-da "gaty uly töleg" tölemek barada duýduryş berdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Merkezi aňtaw gullugynyň direktory Jon Retkliff (ortada) we goranmak gullugynyň başlygy Pit Hegset (çepde) Wenesuelada geçirilen ABŞ-nyň hüjümine syn edýärler.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Merkezi aňtaw gullugynyň direktory Jon Retkliff (ortada) we goranmak gullugynyň başlygy Pit Hegset (çepde) Wenesuelada geçirilen ABŞ-nyň hüjümine syn edýärler.

Wenesuelanyň agdarylan lideri Nikolas Maduro ABŞ-nyň türmesinde saklanýarka, prezident Donald Tramp Günorta Amerika ýurdunyň awtoritar hökümdarlaryna duýduryş edip, eger olar Waşington bilen hatda ABŞ-nyň harby hüjümi baradaky global aladalaryň arasynda "hyzmatdaşlyk etmeseler","gaty uly baha tölejekdiklerini" aýtdy.

"The Atlantic" gazetinde 4-nji ýanwarda çap edilen interwýusynda Tramp Wenesuelanyň wezipesini ýerine ýetiriji prezidenti Delsi Rodrigeze "eger ol dogry zady etmese, gaty uly baha tölejekdigi, belki-de bahasynyň Madurodan has uly boljakdygy" barada duýduryş berdi.

4-nji ýanwarda prezident wezipesini ýerine ýetiriji edilip bellenmezden öň Maduronyň wise-prezidenti bolan çepçi Rodrigez ABŞ-nyň hereketini BMG-niň Düzgünnamasynyň bozulmagy diýip atlandyrdy we "biz indi hiç haçan gul bolmarys" diýip wada berdi.

Eýran, Russiýa we Günorta Amerika ýurdunyň beýleki ýaranlary tarapyndan ýazgarylan, ýöne sürgünde ýaşaýan wenesuelalylar tarapyndan makullanan hüjümde amerikan güýçleri tarapyndan tussag edilen Maduro Nýu-Ýorka äkidilip, ABŞ-nyň türmesinde saklanýar.

"Fox News" tarapyndan sosial mediada ýerleşdirilen wideoda federal agentleri tarapyndan alnyp barylýan 63 ýaşly Maduronyň žurnalistlere "Gijäňiz haýyrly bolsun, Täze ýylyňyz gutly bolsun" diýýändigi görkezilýär.

Ol we onuň reýdde tussag edilen aýaly 5-nji ýanwarda neşe serişdeleri bilen bagly aýyplamalar esasynda sudda çykyş etmeli.

Metbugat maslahatynda Tramp Wenesueladaky harby operasiýany gutlady, ýöne hereketiň jikme-jiklikleri barada maglumat bermedi. ABŞ-nyň ýokary derejeli generaly aýlarboýy taýýarlykdan soň hüjüme 150 sany ABŞ uçarynyň gatnaşandygyny aýtdy.

Ýitgileriň sany barada maglumat berilmedi. Tramp ABŞ-nyň käbir harbylarynyň ýaralanandygyny, ýöne ýagdaýlarynyň gowydygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde Kuba ABŞ-nyň hüjümi mahalynda Wenesueladaky howpsuzlyk güýçleriniň 32 agzasynyň öldürilendigini aýtdy.

ABŞ Wenesuelany "dolandyrar"

Tramp Birleşen Ştatlaryň Günorta Amerika ýurdy "howpsuz, dogry we paýhasly geçişi amala aşyryp bilýänçä" ony wagtlaýynça "dolandyrjakdygyny" aýdanda uly tolgunma döretdi.

Trampyň ýurdy Birleşen Ştatlaryň "dolandyrmagy" bilen näme diýjek bolandygy derrew aýdyň bolmady. Ol žurnalistlere jikme-jik maglumat bermezden, öz kabinetinden Wenesuelada jogapkär "adamlary belländigini" aýtdy.

ABŞ-nyň administrasiýasynyň resmileri - şol sanda Döwlet sekretary Marko Rubio - 4-nji ýanwarda telewideniýede eden çykyşynda Trampyň meýilnamasy barada berlen soraga düşündiriş bermediler.

Rodrigez ylalaşykly görünýär

Wenesuelanyň Ýokary kazyýeti Rodrigese çepçi hökümetiň wagtlaýyn prezidenti wezipesini ýerine ýetirmegi buýurdy.

Wenesuelanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Delsi Rodrigez (ortada) 4-nji ýanwarda goranmak ministri Wladimir Padrino (çepden ikinji) we beýleki resmiler bilen gürleşýär.
Wenesuelanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Delsi Rodrigez (ortada) 4-nji ýanwarda goranmak ministri Wladimir Padrino (çepden ikinji) we beýleki resmiler bilen gürleşýär.

Tramp ilki Rodrigezi goldaýandygyny aýdyp, "ol, esasan, Wenesuelany ýene-de beýik etmek üçin zerur hasaplaýan zadymyzy etmäge taýýar" diýdi.

Wenesuelanyň harby güýçleri tarapyndan goldanylýan Rodrigez ilki garşylyk görkezip, Madurony ýurduň "ýeke-täk prezidenti" diýip atlandyrdy we ABŞ-nyň hüjümini gatnaşyklar üçin "elhenç tegmil" diýip atlandyrdy.

Tramp zerur bolanda Wenesuelada harby hereketleriň ikinji tolkunyny geçirmäge taýýardygyny aýdandan soň, Rodrigez has ylalaşykly bolup, 5-nji ýanwarda irden sosial mediada Karakasyň Waşington bilen "deňagramly we hormatly" gatnaşyk gurmaga çalyşýandygyny ýazdy.

"Biz ABŞ-nyň hökümetine umumy ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlyga degişli gün tertibi boýunça bilelikde işlemäge çakylyk edýäris" diýip, ol ýazdy.

Kolumbiýada ýaşaýan wenesuelalylar ABŞ-nyň Nikolas Madurony tutmak boýunça hüjüminden soň baýram edýärler.
Kolumbiýada ýaşaýan wenesuelalylar ABŞ-nyň Nikolas Madurony tutmak boýunça hüjüminden soň baýram edýärler.

ABŞ-nyň Wenesueladaky hüjümleri we Maduronyň tussag edilmegi Karakasyň käbir ýaranlary, şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres tarapyndan berk ýazgaryldy, ol ABŞ-nyň harby hereketleriniň "howply mysal" döredýändigini aýtdy.

Habar agentlikleri çeşmelerine salgylanyp, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ABŞ-nyň operasiýasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin 5-nji ýanwarda sagat 10-da ýygnanjakdygyny habar berdiler. Diplomatlaryň aýtmagyna görä, Russiýa we Hytaý tarapyndan goldanylýan Kolumbiýa mejlisiň geçirilmegini haýyş edipdir.

Orsýet, Eýran we beýlekiler ýazgarýarlar

Wenesuela bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýan Moskwa Maduronyň we onuň aýalynyň ýurtdan zor bilen çykarylandygy baradaky habarlardan örän aladalanýandygyny we ABŞ-dan olary boşatmagy talap edendigini aýtdy.

Tramp bilen haýbat atyşmak tejribesi bolan Orsýetiň öňki prezidenti Dmitriý Medwedew X-da çap eden maglumatynda ABŞ-nyň Wenesuela hüjümleriniň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny ýazyp, Waşingtonyň “Wenesuelany uzakdan dolandyryp biljekdigine” şübhelenýändigini sözüne goşdy.

Kremliň käbir tankytçylary häzirki wagtda Orsýetiň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesini eýeleýän Medwedewi jogapkärçiliksiz ekstremist hasaplaýarlar, beýlekileri bolsa onuň sözleriniň köp sanly ýokary derejeli rus syýasatçylarynyň pikirini görkezýändigini aýdýarlar.

Eýranyň döwlet neşiri “Press TV”-niň habaryna görä, Wenesuelanyň başga bir möhüm ýarany bolan Eýran ABŞ-nyň hüjümini ýazgaryp, bu hereketiň Wenesuelanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewüligini, şeýle hem BMG-niň düzgünnamasyny bozandygyny aýtdy.

Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç ýakynda Madurony "Serbiýanyň uly dosty" diýip atlandyrdy we 3-nji ýanwarda halkara hukuk tertibiniň we BMG-niň düzgünnamasynyň "işlemeýändiginiň" "aýdyňdygyny" aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlarda ýaşaýan wenesuelalylaryň Maduronyň tussag edilmegi mynasybetli geçiren dabaralary Latyn Amerikasynyň şäherlerinde, Ispaniýada we beýleki ýerlerde boldy.

"Biz azat. Diktaturanyň ýykylandygyna we azat ýurdumyzyň bardygyna begenýäris" diýip, Reuters agentligi Çilide ýedi ýyl ýaşan wenesuelaly zenan Haty Ýanezi sitirledi.

Perunyň paýtagty Limada ene-atasy henizem Wenesuelada galýan migrant Milagros Ortega yzyna gaýdyp barmagy umyt edýändigini aýtdy. "Kakamyň Nikolas Maduronyň ýykylmagyny görmek üçin diridigini bilmek örän tolgundyryjy. Men onuň ýüzüni görmek isleýärin" diýdi ol aýtdy.

Günbatarly käbir ýaranlar seresap bolýalar

Waşingtonyň ýaranlarynyň köpüsi Madurony ýa-da onuň režimini halamaýandygyny aýtsalar-da, halkara kanunlaryna eýermegiň zerurdygy barada duýduryş berdiler.

Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer "biz Madurony bikanun prezident hasaplaýarys we onuň režiminiň soňy üçin gözýaş dökmeýäris" diýdi we sözüniň üstüne goşüp: "Men şu gün irden halkara kanunlaryna goldaw berýändigimi gaýtaladym" diýdi.

Nýu-Ýorkuň Taýms meýdançasynda uruşa garşy geçirilen ýörişde adamlar ABŞ-nyň Wenesuela garşy hüjümlerine garşy protest geçirýärler.
Nýu-Ýorkuň Taýms meýdançasynda uruşa garşy geçirilen ýörişde adamlar ABŞ-nyň Wenesuela garşy hüjümlerine garşy protest geçirýärler.

Ýewropa Bileleşiginiň Wengriýadan başga ýurtlary Wenesuelanyň ähli taraplaryny sabyrly bolmaga çagyrdylar we Wenesuelanyň halkynyň islegine hormat goýmagyň demokratiýany dikeltmek üçin möhümdigini aýtdylar.

"Ýewropa Bileleşigi dartgynlylygyň öňüni almak we krizisiň parahatçylykly çözgüdini üpjün etmek üçin ähli taraplary parahatlyga we sabyrlylyga çagyrýar" diýlip, 26 ýurduň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.

ABŞ-nyň harby hereketi Waşingtonyň Günorta Amerika ýurduna aýlarboýy ykdysady we harby basyşynyň artmagyndan soň, şol sanda Wenesuelanyň nebit tankerlerini tutup, bu ýurduň deňiz suwlarynyň golaýynda neşe daşaýandygy aýdylýan gaýyklara edilen hüjümlerde onlarça adamyň öldürilmeginden soň amala aşyryldy.

Waşington 2013-nji ýylda Hugo Çawesiň ornuna geçen Maduronyň prezident hökmünde kanunylygyna hem şübhe bildirip, oppozisiýanyň we beýlekileriň ses berişligiň onuň peýdasyna galplaşdyrylandygy baradaky maglumatlaryna ünsi çekdi.

Reuters and AFP agentlikleriniň maglumatlary ulanyldy.
XS
SM
MD
LG