ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wensiň Tährana ýollan haty Eýranyň lukmançylyk serişdelerini almagyna kömek etmek tagallalaryna degişlidi diýip, prezident Donald Tramp aýtdy. Ol ABŞ-nyň habar serişdelerinde hatyň parahatçylyk gepleşiklerini täzeden ýola goýmak üçin Eýranyň howpsuzlyk boýunça wezipeli şahsyna iberilendigi baradaky habarlary ret etdi.
"Olara lukmançylyk serişdeleri we başga-da dürli zatlar babatda kömek gerek" diýip, Tramp 28-nji oktýabrda žurnalistlere aýtdy. Ol Wens barada şeýle diýdi: "Ol menden bu barada näme pikir edýändigimi sorady. Men: 'Şony etmek isleýän bolsaň, bolýar' diýdim. Esasan, gürrüň syrkaw adamlara kömek etmek üçin zerur serişdeleri ýetirmek barada".
Tährandan dessine teswir bolmady. Ýöne Eýranyň habar serişdeleri 29-njy oktýabrda Tähranyň haty alandygyny we oňa entek jogap bermändigini habar berdiler.
Trampyň bu sözleri "The Wall Street Journal" we "The New York Times" neşirleriniň ABŞ-nyň prezidentiniň Wense gepleşikleri täzeden başlatmak we ABŞ-nyň Eýrana täze zarbalarynyň öňüni almak maksady bilen Eýranyň howpsuzlyk boýunça ýolbaşçysy Mohsen Rezaýä hat ibermegi tabşyrandygy barada habar beren gününe gabat geldi.
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky uzaga çeken konflikti bes etmek boýunça parahatçylyk tagallalary soňky birnäçe aý bäri iş ýüzünde durgun ýagdaýda.
Iki ýurt gepleşikleriň şertleri boýunça ylalaşyga gelip bilmeýärdi. Waşington Eýrana garşy goşmaça sanksiýalary girizip, onuň portlarynyň deňiz gabawyny gaýtadan ýola goýdy. Tähran bolsa, öz gezeginde, möhüm Ormuz bogazyndan gämileriň gatnawyna päsgel bermegini dowam etdirip, dünýäde nebitiň bahasynyň barha ýokarlanmagyna sebäp boldy.
Wensiň hatynyň aslynda gepleşiklere täze badalga bermek üçin Eýrana iberilendigi barada soralanda, Tramp: "Ýok" diýip jogap berdi.
28-nji oktýabrda Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçy öz ýurdunyň araçylar bilen urşy bes etmek boýunça ýedi günlük meýilnamany ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy. Trampyň ozal ret eden bu meýilnamasy Eýranyň nebit pudagyna garşy sanksiýalary ýatyrmak we beýleki çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek baradaky talaplary öz içine alýardy.
Eýranyň habar serişdeleri Tähranyň özüniň teklip eden meýilnamasyna zyýan ýetirýän islendik pozisiýany ýurt üçin kabul ederliksiz hasaplaýandygyny habar berdiler.
Forum