Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň giýewsi Kuşner Serbiýada, Belgradda kaşaň proýektleri meýilleşdirýär

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp (çepde) gyzy Iwanka Tramp we giýewsi Jared Kuşner bilen. Mart, 2024  ý.
ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp (çepde) gyzy Iwanka Tramp we giýewsi Jared Kuşner bilen. Mart, 2024 ý.

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trampyň giýewsi Jared Kuşner Serbiýanyň paýtagty Belgradda we Albaniýanyň Adriatik deňziniň kenarynda kaşaň gurluşyk proýektlerini amala aşyrmak baradaky planlaryny äşgär etdi. Bu barada ol özüniň sosial media hasaplarynda maglumat ýerleşdirdi.

15-nji martda The New York Times neşiriniň beren maglumatyna görä, proýektleriň arasynda kaşaň myhmanhana, 1 müň 500 adamlyk ýaşaýyş toplumy dagy hem bar. Mundan başga-da, Kuşner Belgradda 1999-njy ýylda NATO-nyň howa zarbalarynda weýran edilen ozalky Ýugoslawiýanyň Ýaragly güýçleriniň baş edarasynyň duran ýerinde, muzeýi hem gurmagy meýilleşdirýär.

XS
SM
MD
LG