ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp noýabrdaky geçmeli saýlawlarda ýeňiş gazansa, onda rus lideri Wladimir Putiniň “The Wall Street Journal” neşiriniň tussaglykdaky habarçysy Ewan Gerşkowiçi “tas dessine” azat etjekdigini öňe sürdi. Öňümizdäki saýlawlarda Trampyň Respublikançylar partiýasyndan dalaşgär bolmagyna garaşylýar.
Tramp sosial torlarda ýerleşdiren maglumatynda, Gerşkowiçiň azat edilmegini nädip gazanjakdygyny aýdyňlaşdyrmady. Ol diňe Putin “muny meniň üçin eder” diýmek bilen çäklendi.
Bu postdan soň, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Tramp bilen Putiniň arasynda kontaktyň bolmandygyny aýtdy, şeýle-de islendik tussag alyş-çalşygynda “netijeleri gazanmak” üçin, “doly dymyşlygyň” zerurdygyny belledi.
Gerşkowiç geçen ýylyň martyndan bäri Russiýada tussaglykda saklanýar. Ol içalyçylykda aýyplanýar. Onuň özi we işleýän neşiri muny çürt-kesik ret edýärler. Gerşkowiçiň saklanan mahaly onuň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirendigi we degişli habarçylyk akreditasiýasynyň bolandygy bellenilýär.