Ukrainanyň häkimiýetleri 21-nji aprelde Russiýanyň onlarça raketasynyň we pilotsyz uçarlarynyň hüjümleri barada habar berdiler, munuň öňüsyrasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şu hepde iki ýurduň arasynda ylalaşyk gazanyljakdygyna umyt bildirdi.
Howadan hüjümler Kiýewde we Ukrainanyň beýleki şäherlerinde boldy. Habar berlişine görä, bir adam Hersonda okdan ýaralanypdyr. Russiýanyň Belgorod sebitinde ukrain howa zarbasynyň bolandygy habar berildi.
Russiýanyň döwlet habar beriş serişdeleri Moskwadaky Goranmak ministrligine salgylanyp, ýurduň güýçleriniň 19-njy aprelde prezident Wladimir Putin tarapyndan yglan edilen ok atyşlykda 30 sagatlyk arakesmeden soň Ukrainadaky söweşleri "täzeden başlandyklaryny" aýtdylar. Kiýew ýaraşyk döwründe rus güýçleri tarapyndan düzgüniň 3000 gezek bozulandygyny öňe sürdi.
Diplomatik frontda, şu hepde Londonda Ýewropanyň, Ukrainanyň we ABŞ-nyň resmileriniň arasynda indiki gepleşiklere garaşylýar, ozalky ýygnak 18-nji aprelde Parižde geçirilipdi. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff Putin bilen ýene bir duşuşygy meýilleşdirýär diýlip habar berilýär.
Stenforddaky Hower institutynyň işgäri Sergeý Sanowiç 21-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň "Nastoýaşeýe Wremýa" gullugyna beren interwýusynda: "Trampdan ýewropalylary gepleşiklere çekmek üçin has manyly çemeleşme möhüm ädimdir" diýdi.
"Bu Putini eglişik etmäge mejbur edip biler, sebäbi Putin sanksiýalaryň ýatyrylmagyny isleýär" - diýip, bilermen ýaranlaryň bilelikdäki meýilnamasyny ylalaşyp biljekdigini we Witkoffyň muny Russiýa hödürläp biljekdigini belledi.
Trampyň administrasiýasy ýakyn wagtda ylalaşyk gazanylmasa, gepleşiklerden düýbünden daşlaşyp biljekdigini öňe sürdi.
"Tramp öň gozgalmaýan mülk bilen işleşen adam. Olar şeýle işleýärler: gowy bir ylalaşyklar bar, ýöne ol diňe şu gün elýeterli" diýip, Sanowiç aýtdy.
Trampyň 100 güni
Syýasy analitik Dmitriý Oreşkin "Nastoýaşeýe Wremýa" beren interwýusynda Trampyň 30-njy aprelde iş başyndaky 100-nji güni ýakynlaşanda, şertnama baglaşmaga howlukýandygyny we munuň Putine basyş etmegini hem aňladýandygyny belledi.
"Esasy zat, Putin üçin mümkin bolan çäklere düşünmeli. Ol ylalaşygy ret etse bu nämäni aňladar? Bu Trampa garşy gitmegi aňladýar" - diýip, Oreşkin aýtdy.
"Bu, gowşak bolsa-da, iň bolmanda dostlukly bolan gatnaşyklary bozmagy aňladýar. Bu çynlakaý töwekgelçilik."
Analitikler şertnama planynyň aýdyňlaşýandygyny aýtdylar: Ukraina ýaragsyzlanmaz (Kremliň islegi) we häzirki front liniýasynyň doňup galmagy mümkin.
Şeýle-de, analitikler Waşingtonyň Krymy 2014-nji ýylda ýarym adany basyp alan Russiýanyň bir bölegi hökmünde ykrar etmeginiň belli bir derejede mümkin bolup biljekdigini, emma munuň Moskwanyň güýçleri tarapyndan basyp alnan Ukrainanyň beýleki sebitlerine degişli bolmajagyny aýtdylar.
Pasha baýramçylygyndaky wakalar hem şu hepdäniň diplomatik ädimlerine täsir etdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 21-nji aprelde Telegramda ýazan habarynda Moskwanyň 30 günlük ot açyşlygyň hem-de raketaly we pilotsyz uçarly hüjümleri bilen raýat infrastrukturasyna howa zarbalaryny togtatmak baradaky teklipleriň ikisine-de äsgermezlik edendigini aýtdy.
Oreşkin, Putiniň 30 sagatlyk ýaraşygyny diňe propaganda maksady üçin ulanmagyny görkezilendigini aýtdy.
"Emma Zelenskiý 30 günlük ýaraşygy teklip edip, muny öz peýdasyna öwrüp bildi" - diýip bilermen belledi.
"Putin muňa razy bolmazlyga mejbur boldy. Muny içerki [rus] auditoriýasyna dürli hilli edip görkezip bolar, ýöne daşarda parahatçylyga howpyň nireden gelýändigi aýdyňdyr" diýip, syýasy analitik Dmitriý Oreşkin aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum