Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň parlamenti Şwesiýanyň NATO agzalygyny oňlady


Kanunçykaryjylar Şwesiýasynyň agzalygyny sesleriň 287-si bilen goldadylar.(arhiw suraty)
Kanunçykaryjylar Şwesiýasynyň agzalygyny sesleriň 287-si bilen goldadylar.(arhiw suraty)

23-nji ýanwarda Türkiýäniň kanunçykaryjylary Şwesiýanyň NATO-nyň düzümindäki agzalygyny oňladylar. Munuň bilen, ýaranlyga degişli bolmadyk bu ýurduň oňa goşulmagy ugrundaky möhüm bökdençlikleriň biri aradan aýryldy.

Kanunçykaryjylar Şwesiýasynyň agzalygyny sesleriň 287-si bilen goldadylar. 55 deputat garşy çykdy, dördüsi hem saklandy.

“Şu gün biz NATO-nyň doly derejeli agzasy bolmak ugrunda ýene bir ädim öňe ilerledik” diýip, Şwesiýanyň premýer-ministri Ulf Kristersson sosial torlarda ýazgy galdyrdy.

Şwesiýanyň NATO agzalygyny indi diňe Wengriýa oňlamaýar.

XS
SM
MD
LG