Türkiýäniň parlamentinde täze adalat we içeri işler ministrleriniň kasam kabul ediş dabarasynyň dowamynda deputatlaryň arasynda dawa-jenjel we uruş turdy diýip, Haberturk neşiri ýazýar.
Maglumata görä, esasy oppozision Halk-Respublikan partiýasynyň deputatlary dabarany bozmak üçin münbere çykmaga synanyşypdyrlar. Bu ýagdaý söz çaknyşygyna, soňra bolsa häkimiýet başyndaky Adalat we ösüş partiýasynyň wekilleri bilen fiziki ýakalaşyga getirdi. Deputatlar biri-birini itekläp, gygyryşyp uruşdylar; bir deputatyň burnuna zeper ýetipdir.
Muňa garamazdan, dabara ahyryna çenli doly geçirildi, soňra parlament mejlisi yza süýşürildi.
Içeri işler ministriniň wezipesine Erzurumyň öňki gubernatory Mustafa Çiftiçi, adalat ministrligine bolsa Stambulyň öňki prokurory Akin Gürlek bellenildi. Ýakalaşyk täze adalat ministriniň kasam kabul ediş pursatynda döredi.
Geçen ýylyň martynda Gürlek Stambulyň häkimi Ekrem Imamogluny tussag etmek baradaky orderi çykardy. Bu bolsa ýurduň dürli künjeklerinde köpçülikleýin protestlere sebäp boldy. Oppozisiýa deputatlary öňki prokuroryň syýasat bilen meşgullanmaly däldigini aýdyp çykyş etdiler.