Ankara “Türkiýäniň Asyry” atly täze bilim modelini girizdi we ýurduň Milli Bilim Ministrligi täze mekdep okuw kitaplaryny çap etdi. Bu kitaplarda “Merkezi Aziýa” adalgasy "Türküstan" bilen çalşyryldy. Resmileriň aýtmagyna görä, olar sebite onuň taryhy adyny gaýtaryp berýärler. Ankaranyň bu ädimi Merkezi Aziýadaky ilaty eýran halklaryna degişli bolan Täjigistanda nägilelige sebäp boldy. Bilermenleriň pikiriçe, Ankara şeýlelik bilen sebitdäki täsirini güýçlendirmek isleýär.
Ankara täze bilim modelini 2024–2025-nji okuw ýylynda girizdi. Onda taryhy düşünjeler “milli ýatlama laýyk getirilmek” we türk resmileriniň pikirine görä daşardan girizilen adalgalary çalyşmak maksady bilen täzelendi.
Indi türk okuw kitaplarynda Egeý deňzi - Adalar deňzi, “Haçly ýörişler” - “Haçlylaryň hüjümleri”, “Geografiki açyşlar” - “Kolonial syýasat”, “Ermeni meselesi” - “Ermenistanyň esassyz talaplary”, Merkezi Aziýa bolsa “Türküstan” diýlip atlandyrylýar.
Türkiýäniň Milli Bilim ministri Ýusuf Tekiniň sözlerine görä, maksat türk çagalarynyň Türküstany türk dünýäsiniň umumy taryhy giňişliginiň bir bölegi hökmünde kabul etmegidir. Ministriň bellemegine görä, iki jahan urşunyň döwründe türk dünýäsini bölýän adalgalar we düşünjeler bilkastlaýyn girizilipdir, indi bolsa türk okuw kitaplary halklaryň bitewüligini berkitmeli.
“Bu biziň üçin örän möhüm simwoliki ähmiýete eýe. Sebäbi bu territoriýa biziň territoriýamyzdyr. Bu toprak doganlarymyzyň topragydyr. Şonuň üçin biz “Merkezi Aziýa” adynyň ýerine onuň ylmy edebiýatda berkidilen hakyky ady bolan “Türküstan” adyny ulanmagy makul bildik” diýip, Ýusuf Tekin belleýär.
Okuw kitaplary nähili üýtgedildi?
9-njy synp üçin taryh kitabynyň ilkinji bölümi “Türküstandan Türkiýä çenli” diýlip atlandyrylýar. Onda türk taýpalarynyň bir böleginiň häzirki Türkiýäniň ýerleşýän Anadoly sebitine nähili gelip ýerleşendigi beýan edilýär. Ozalky türk taryh kitaplarynda häzirki türkleriň gelip çykan sebiti Merkezi Aziýa diýlip görkezilýärdi. Indi bolsa diňe Türküstan diýilýär.
Öňki taryh kitaplarynda türk okuwçylarynyň ünsi Anadolyda türk döwletçiliginiň emele gelmegine gönükdirilýärdi.
Täze kitaplarda taryhy narratiw düýbünden üýtgedildi. Indi okuwçylara ýurduň geçmişine gadymy Türküstandan häzirki Türkiýä çenli uzalýan umumy türk dünýäsiniň taryhynyň bir bölegi hökmünde garamak teklip edilýär. Sebitdäki halklar we ýerler bitewi siwilizasiýa giňişligiň bölekleri hökmünde suratlandyrylýar.
Ankara uniwersitetiniň syýasat ylymlary boýunça alymy Orhan Gafarlynyň sözlerine görä, Ankara şeýle etmek bilen sebit şahsyýetini gurýar. Onuň pikirine görä, Türkiýe we beýleki türk dilli ýurtlar üçin bu sebit taryhy taýdan Türküstan diýlip atlandyrylypdyr.
“Bu ýerde ilkinji ädimi Türkiýe etdi, sebäbi ol sebitiň we türk dilli döwletleriň lideridir. Ol türk dünýäsine Russiýa imperiýasynyň ýa-da günbatar gündogarşynaslarynyň gözi bilen seretmejekdigimizi görkezmek isleýär. Häzir döwletara gepleşiklerde we resmi resminamalarda sebit Merkezi Aziýa däl-de, Türküstan diýlip atlandyrylýar. Muny mekdep kitaplarynda hem görkezmek we çagalary Türküstan düşünjesi bilen terbiýelemek gerek” diýip, Gafarly aýdýar.
Türkiýäniň geografiýa kitaplarynda iki adalga hem ulanylýar, ýöne dürli manyda: “Merkezi Aziýa” geografiki sebit hökmünde, “Türküstan” bolsa taryhy-medeni at hökmünde.
2025-nji ýylynda çap edilen 10-njy synp üçin geografiýa kitabynda şeýle diýilýär: “Aziýa yklymyndaky türk medeniýetiniň ojagy Merkezi Aziýadyr. Bu giň sebit taryhy, medeni we etniki taýdan türk halklarynyň jemlenen ýeri bolandygy sebäpli, oňa Türküstan ýa-da Türk ýurdy hem diýilýär”.
Şol bir wagtyň özünde, 12-nji synp geografiýa kitabynda Türküstan häzirki wagtda Merkezi Aziýa diýlip düşünilýän sebitden has giň meýdan hökmünde görkezilýär. Awtorlar ony Günbatar, Gündogar, Günorta we Eýran Türküstany diýen sebitlere bölýärler.
Bu konsepsiýa häzirki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan başga-da Hytaýyň Sinjan-Uýgur awtonom etraby, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Eýranyň käbir ýerleri hem goşulýar.
Türk okuwçylaryna täze “Türk dünýäsi” kartasy hem görkezilýär. Kartada garaşsyz türk döwletleri aýratyn tapawutlandyrylyp görkezilipdir. Olar Türkiýe, Azerbaýjan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistanyň Garagalpagystansyz bölegi, diňe Ankara tarapyndan ykrar edilýän Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndan ybarat.
Şeýle hem Russiýanyň, Moldowanyň we Hytaýyň türk halklary ýaşaýan ýerleri görkezilýär: Tatarystan, Başgyrdystan, Dagystan, Garajaý-Çerkeziýa, Kabarda-Balkariýa, Çuwaşiýa, Gagauziýa, Hytaýyň Sinjan-Uýgur awtonom etraby we Özbegistanyň Garagalpagystan bölegi.
Kartada mundan başga-da Sibirde, Mongoliýada, Pakistanda, Hindistanda, Eýranda we Ýewropanyň käbir böleklerinde ýaşaýan “türk jemgyýetleri” hem görkezilýär.
Şeýlelikde, “türk dünýäsi” diýen düşünje Ýewraziýanyň tas ýarysyny öz içine alýar. Emma bu iki düşünje özara deň däldir. Türk dünýäsi ähli türk halklaryny we döwletlerini öz içine alýan düşünje bolsa, täze türk okuw kitaplarynda Türküstan türkleriň taryhy gözbaşlary we ata watany hökmünde beýan edilýär.
Türküstan we Täjigistan
"Türküstan" düşünjesiniň giňden ulanylmagy Merkezi Aziýanyň özünde dürli reaksiýa döretdi. Sebitiň bir bölegi bolan Täjigistanyň ilaty pars dilli halk bolup, özüni başga medeni däbe degişli hasaplaýar.
Türkiýäniň bu karary täjik jemgyýetinde nägilelik döredip, taryhy jedellere sebäp boldy. Täjik taryhçysy Abduwali Şarifzodanyň sözlerine görä, Merkezi Aziýa hemişe Türküstan diýlip atlandyrylmady.
“Bu ýerler öň Soğd, Baktriýa, Horezm, Fergana bolupdyr. Dünýäniň iň gadymy dinleriniň biri bolan, gadymy Eýrandan we Orta Aziýadan gelip çykan Zaratuştra tekstleriniň mukaddes ýygyndysynda dini senalar, doga-dilegler, mifler, kanunlar we Zaratuştra pygamberiň ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyndaky göreş, dogruçylyk we ynsan saýlama azatlygy baradaky taglymatlary bar. tekstlerinde bu sebitde 15 döwlet agzalýar. Şol ýer atlarynyň hiç biri ariý däl taýpalar bilen baglanyşykly däl. Olar Merkezi Aziýa has soň gelipdirler. Eger olar Merkezi Aziýany Türküstan diýip atlandyrmagy teklip edýän bolsalar, onda biz hem olaryň ýurduna Gündogar Rim ýa-da Wizantiýa diýip atlandyralyň” diýip, Şarifzoda aýdýar.
Başga bir täjik taryhçysy Kamoliddin Abdullaýew bolsa, sebitiň taryhynyň şeýle baýdygyny, islendik düşünjäni - Merkezi Aziýa, Türküstan ýa-da Eýranzemin (Uly Eýran) düşünjesini goldaýan delilleri tapyp boljakdygyny aýdýar.
Onuň pikirine görä, Türkiýäniň ädimi uly dawa döretmese-de, täjikleri umumy sebit giňişliginden daşlaşdyrýar.
“Pantürkizm bilen göreş bizde tas milli ideologiýanyň bir bölegine öwrüldi. Sebäbi bu biziň öz milli aýratynlygymyzy gorap saklamagyň ýoludyr. Bizde diňe bir pars dilli respublika bar. Şonuň üçin medeni, dil we taryhy aýratynlygymyzy gorap saklamak örän möhümdir. Bizi umumy “Türküstan” düşünjesiniň aşagynda birleşdirilmegini islemeýäris” diýip, Abdullaýew belleýär.
Türkiýe Merkezi Aziýadaky ornuny berkidýär
Bilermenleriň pikirine görä, "Türküstan" adalgasynyň gaýtadan ulanylmagy akademiki däl-de, syýasy häsiýete eýedir. Gündogarşynas Ruslan Suleýmanowyň aýtmagyna görä, Türkiýäniň prezidenti Recep Tayyip Erdoğan özüni türk halklarynyň howandary we lideri hökmünde görkezmek isleýär. Emma sebitde Russiýa bilen Hytaý eýýäm güýçli orun eýeleýär. Suleýmanowyň aýtmagyna görä, Ankara üçin olar bilen bäsleşmek aňsat däl.
“Mysal üçin, Gazagystan tas 90 göterim derejede Russiýanyň nebitine garaşly. Merkezi Aziýa respublikalarynyň beýleki pudaklaryndaky we Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklary baradaky ýagdaýy aýdyp hem oturasy iş ýok. Mundan başga-da, görşümiz ýaly, Hytaý ýylsaýyn sebitde barha köp maýa goýýar, emma Türkiýe häzirlikçe munuň bilen deňeşdirip boljak mümkinçilikleri hödürläp bilenok. Şeýle ykdysady binýat we düýpli maliýe goldawy bolmasa, şeýle başlangyçlar esasan kagyz ýüzünde galjak ýaly görünýär. Türkiýe hem-de türk dünýäsinde türkleriň öňdebaryjy ornuny goldaýanlar, ähtimal, umumy elipbiý döretmek ýa-da käbir zatlaryň adyny üýtgetmek ýaly ädimler bilen kanagatlanmaly bolarlar” diýip, Suleýmanow aýdýar.
Türk gözlegçisi Ogul Tunanyň pikiriçe, Ankara Moskwanyň we Pekiniň bähbitlerine degmezlik üçin ädimlerini haýal we seresap edýär. Şeýle-de bolsa, ol Türkiýäniň Merkezi Aziýa täsir etmek ugrunda täze tapgyra geçendigini belleýär.
“Elbetde, gürrüň kem-kemden amala aşyrylýan proses barada gidýär. Bu zatlaryň üç ýa-da bäş ýylyň içinde birden bolup geçjekdigi barada däl-de, 10-15 ýyla uzaýan proses barada gürrüň edýäris. Indiki tapgyrlarda Türkiýe, ähtimal, diňe syýasy we diplomatik däl, eýsem harby gatnaşyklary hem pugtalandyrmaga çalşar. Üstesine-de, Garabag urşundan soň Ankara eýýäm Merkezi Aziýa döwletleri bilen harby ugurda we goranyş senagaty babatda hyzmatdaşlyk edip başlady. Şeýle hem bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan Türkiýä ýüzlenmeler gelip başlady. Gyrgyzystana harby enjamlaryň berilmegi, Özbegistan bilen bilelikde geçirilýän harby türgenleşikler, Türkmenistana dronlaryň we harby tehnikanyň satylmagy – bularyň ählisi medeniýet, elipbiý we dil derejesindäki hyzmatdaşlykdan has ýokary, täze bir tapgyra geçýändigimizi görkezýär” diýip, Tuna sözüni jemleýär.
Bilermenleriň netijesine görä, Merkezi Aziýanyň "Türküstan" diýlip atlandyrylmagy diňe türk okuwçylary üçin niýetlenen ädim däl. Bu Ankaranyň has giň geosyýasy strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Türkiýe eýýäm sebit ýurtlary bilen harby hyzmatdaşlygyny giňeldip başlady. Şol bir wagtda Türk döwletleri guramasynyň orny hem ýokarlanýar, Ankara bolsa ony sebitdäki hyzmatdaşlygyň esasy gurallarynyň biri hökmünde görýär.