Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Şwesiýanyň NATO agzalygyny resmi taýdan oňlady


Türkiýäniň parlamenti Şwesiýanyň agzalygyny 23-nji ýanwarda oňlady.
Türkiýäniň parlamenti Şwesiýanyň agzalygyny 23-nji ýanwarda oňlady.

Türkiýe Şwesiýanyň NATO agzalygyny oňlaýan çäräni ýurduň resmi gazetinde çap edip, ýaranlyga ozal agza bolmadyk döwletiň onuň düzümine girmegini ýakynlaşdyrjak ratifikasiýa çäresini jemledi.

Indi Şwesiýanyň NATO-nyň düzümine goşulmagyny diňe Wengriýa oňlaman gelýär.

25-nji ýanwarda Şwesiýanyň premýer-ministri Ulf Kristersson ratifikasiýany gowy garşylap, “Munuň bilen, Şwesiýanyň NATO agzalygy ugrundaky möhüm sepgide ýetildi” diýdi.

Türkiýäniň parlamenti Şwesiýanyň agzalygyny 23-nji ýanwarda oňlady.

Türkiýäniň dolandyryjy partiýasy bu mesele dogrusyndaky gepleşiklerde Şwesiýanyň kürt söweşijileri babatyndaky berk durumunyň kesgitleýji bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG