Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe täjigistanlylar üçin wizasyz syýahaty ýatyrdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkiýe Täjigistanyň raýatlary üçin wizasyz syýahaty ýatyrdy diýip, türk prezidentiniň edarasy 6-njy aprelde aýtdy, ýöne bu kararyň sebäbini düşündirmedi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi bu habardan biraz soň Ankaranyň 2018-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän we täjik raýatlarynyň 90 günläp Türkiýede wizasyz galmagyna rugsat berýän düzgün baradaky planyny Duşenbä resmi taýdan habar bermändigini aýtdy.

Mundan öň Türkiýe, resmi Aşgabadyň talaby esasynda, türkmenistanlylaryň Türkiýä wizasyz barmagyna rugsat berýän düzgünini ýatyrdy.

Hökümet tankytçylary bu ýagdaýyň ozal Türkiýeden iş gözlän türkmen migrantlarynyň Russiýa, Ukraina bilen iki ýyl bäri uruş ýagdaýyndaky ýurda has köp ýykgyn edip başlamagyna sebäp bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG