Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe türkmen gazynyň importyny dikeltmegi meýilleşdirýär  


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkiýe 2026-njy ýylda türkmen tebigy gazynyň importyny dikeltmegi we onuň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär diýip, “Biznes Türkmenistan” Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň “TRT Haber” teleýaýlymyna beren intrewýusyna salgylanyp habar berýär.

Ministriň tassyklamagyna görä, 2026-njy ýyl türkmen tebigy gazynyň iberilip başlanmagy we onuň möçberleriniň artdyrylmagy nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýe bolar.

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkiýäniň döwlet nebit-gaz kompaniýasy BOTAŞ-yň baş direktory Abdulwahit Fidan Türkiýäniň türkmen tebigy gazyny uzak möhletleýin we uly möçberde import etmäge taýýardygyny aýdypdy.

Türkmenistan we Türkiýe türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä akdyrmak barada fewral aýynda şertnama baglaşdy. 1-nji martda güýje giren şertnama esasynda ýylyň dowamynda 1,3 milliard kubmetr türkmen gazynyň akdyrylmagy göz öňünde tutulýardy.

“Türkmengaz” döwlet konserni Türkiýä gaz akdyrmagyny geçen ýylyň oktýabrynda togtatdy.

"Türmengazyň" başlygy Maksat Babaýew türkmen gazynyň Türkiýä akdyrylmagynyň togtadylandygyny tassyklady diýip, "MK Türkiýe" neşiri Babaýewe salgylanyp habar berdi.

XS
SM
MD
LG