10-12-nji mart aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Awstriýa iş saparyny amala aşyrýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy 11-nji martda mälim etdi.
Ministrligiň websaýtynda ýerleşdirilen beýanata görä, saparyň dowamynda Awstriýanyň hökümetinde, degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, söwda-ykdysady gurluşlary we işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.
Olaryň dowamynda döwletara gepleşikleri güýçlendirmek, syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem ylmy we bilim pudagynda gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere üns beriljekdigi aýdylýar. Başga anyk goşmaça maglumat berilmeýär.