Türkmen DIM-i 2-nji martda, öýleden soň metbugat serişdeleri üçin maglumat çap edip, Eýrana 28-nji fewralda ABŞ we Ysraýyl güýçleri tarapyndan urlan zarbalary we şondan bäri Ýakyn Gündogar ýurtlarynda bolup geçýän wakalary agzamazdan, öz aladasyny bildirdi.
“Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär” diýip, maglumatda aýdylýar.
Şeýle-de, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde, ähli çylşyrymly halkara meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy arkaly, BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara hukugynyň esasynda çözülmelidigini “gaýtadan belleýändigini” nygtaýar.
Bu Türkmenistan goňşy ýurtdaky wakalar barada 28-nji ýanwardan bäri eden ilkinji resmi beýanaty boldy.
Azatlygyň habarçylary Eýrana saglyk we söwda aladalary bilen syýahat edýän we soňky günlerde bu ýurtda galan türkmen raýatlarynyň garyndaşlarynyň uly alada galandygyny habar berýärler.
Ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň daşary ýurtlarda düşen kynçylykly ýagdaýlaryndan adatça gyrada durýar.