Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen futbolçylary rusça ýüzlenip, janköýerlerden goldaw sorady


Türkmen futolçysy (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmen futolçysy (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmen futbolçylary janköýerlerden Özbegistan bilen geçmeli oýunda özlerini goldamaga çagyrdylar.

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlap seçiş duşuşyklarynyň çäginde, 16-njy noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ýygyndy topary özbek futbolçylary bilen duşuşar.

Munuň bilen bagly, türkmen futbolçylarynyň ençemesi janköýerlere ýüzlenip, bu oýunda özlerini goldamaga çagyrdylar.

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy toparynyň Instagramdaky sahypasynda ýerleşdirilen wideoda dört oýunçy janköýerleri duşuşyk güni “Aşgabat” stadionyna gelmäge çagyrdy.

Emma türkmen futbolçylary bu çagyryşy rus dilinde etdiler. Galyberse-de, wideonyň aşagynda çykyşlaryň türkmençe terjimesi köp sanly harp ýalňyşlyklary bilen ýazylypdyr.

XS
SM
MD
LG