Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 9 milliard 164 million 931 müň ABŞ dollaryndan geçdi diýip, “Biznes Türkmenistan” Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
2025-nji ýylyň noýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 821 million 203 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan Hytaýa jemi 7 milliard 720 million 177 müň dollarlyk önüm eksport etdi. Bu döwürde Hytaýdan import edilen harytlaryň möçberi takmynan 1 milliard 444 million 815 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistanyň Hytaýa edýän eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, ol geçirijiler arkaly iberilýär.
Türkmen hökümeti öz eksport, import edýän önümleri, hususan-da energiýa serişdelerinden gelýän girdejiler barada ilata habar bermegi zerur hasaplamaýar.