1-nji noýabrda türkmen manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl bolýar.
Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ýurt garaşsyzlygyny yglan edeninden 2 ýyl soň, 1993-nji ýylda milli pul birligini dolanyşyga girizipdi.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ýyllardaky ýagdaýy bilen baglylykda, manadyň hümmeti yzygiderli aşak gaçdy.
Munuň netijesinde, ýurtda walýutanyň iki kursy – döwlet we gara bazar kurslary döredi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi Banky 3,5 manadyň hümmetini 1 amerikan dollaryna barabar diýip kesgitlese-de, gara bazarda 1 amerikan dollary 20 manat töwereklerinde bahalanýar.
Soňky ýyllardan bäri bankomatlarda nagt pul hem köplenç tapdyrmaýar, pul tapdyran halatynda-da onuň öňünde uzyn nobatlar emele gelýär, ilat bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmakda dürli kösençliklere sezewar bolýar.