Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti esgerler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy


Türkmen harbylary. Arhiw suraty.
Türkmen harbylary. Arhiw suraty.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň harby bölüminiň Saýat etrabynda täze gurlan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu habar garaşsyz neşirlerde türkmen goşunyndaky korrupsiýa we azyk meseleleri barada çykan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen metbugaty onuň harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertleri bilen tanşyp, esgerler üçin niýetlenen ýatakhanalary, dynç alyş otaglaryny, kitaphanany, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen sport zalyny, täze gelip gowşan harby tehnikalary synlandygyny habar berýär.

Şeýle-de, döwlet baştutany harby bölümiň naharhanasyna baryp, şahsy düzümiň iýmitlenişi bilen gyzyklandy, toplumyň çägindäki lukmançylyk-sanitar bölümine, söwda nokadyna hem-de sport meýdançalaryna baryp gördi.

Bulardan başga, prezident okuw-türgenleşik gözegçilik nokadyndan tejribe okuwlarynyň gidişi, serkerdeleriň maşgalalary üçin bina edilen ýaşaýyş toplumy bilen hem tanyşdy, täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgalasy bilen söhbetdeş boldy.

Täze desgalaryň 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçylary güni mynasybetli açylandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG