Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti eýranly kärdeşi bilen telefonda gürleşdi


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ikinji gün Eýranyň prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ikinji gün Eýranyň prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ikinji gün Eýranyň prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen telefonda gürleşdi.

Resmi habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, “söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi”.

Türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklary esasy üç ugurda, tebigy gaz, elektroenergetika pudaklarynda we ulag ulgamynda ýaýbaňlandyrylýar diýip, habarda hiç bir san getirmezden aýdylýar.

TDH bu söhbetdeşligiň eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG