Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Özbegistanyň prezidentini saýlaw ýeňşi bilen gutlady


Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen. Arhiw suraty
Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen. Arhiw suraty

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle-de öz adyndan Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewi prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady.

“Saýlawlaryň netijeleri Siziň ýurduň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasy ugruňyzyň goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar” diýip, gutlagda aýdylýar.

Şeýle-de, Berdimuhamedow gutlagda Türkmenistan bilen Özbegistanyň berk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belläp, döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Şawkat Mirziýoýew 9-njy iýulda repressiw Merkezi Aziýa döwletinde netijesi öňünden belli bolan irki prezident saýlawynda üçünji möhlete prezident saýlandy.

XS
SM
MD
LG