Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Türkiýäniň prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy


Türk we türkmen baýdaklary
Türk we türkmen baýdaklary

Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji iýunda Ankarada Rejep Taýyp Ardoganyň Türkiýäniň gaýtadan saýlanan prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

TDH döwlet baştutanynyň Rejep Taýyp Ardogany saýlawda gazanan ýeňşi bilen gutlap, oňa Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny hem ýetirendigini habar berýär.

Berdimuhamedow şol günüň özünde, “Çankaýa” köşgünde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna berlen resmi agşamlyk naharyndan soň, Türkmenistana dolandy.

XS
SM
MD
LG