Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen raýaty Woronežde FSB işgärine para bermäge synanyşdy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Sebit derňew komitetine berlen habara görä, Türkmenistanyň bir raýaty Russiýada galmak üçin Woronežde Federal howpsuzlyk býurosynyň (FSB) ofiserine para bermäge synanyşdy.

FSB we polisiýa mart aýynda ýaşamak möhleti gutaran, emma Russiýadan gitmek islemeýän daşary ýurtlulary ýüze çykardy.

Düzgün bozanlaryň biri, jezadan gutulmak we watanyna gitmezlik üçin, bu meseläni “özara düşünişmek arkaly çözmäge” synanyşyp, FSB işgärine pul hödürledi.

Rus metbugatynyň ýazmagyna görä, uly derňewçi ady aýdylmaýan türkmen raýatyna bu hili hereketler üçin jeza maddasynyň bardygyny duýdurdy, ýöne türkmenistanly onuň delillerine gulak asmady we ýene para bermäge synanyşdy.

Şondan soň ol tussag astyna alyndy we “Para bermek synanyşygynda” aýyplanyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Höküm güýjüne girdi diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG