Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň has işjeňleşdiriljekdigi aýdylýar


Mary. Bezeg suraty
Mary. Bezeg suraty

Russiýa şu ýyl “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen 1 million tonna ýük daşamagy planlaşdyrýar diýip, türkmen metbugaty “Russiýanyň demir ýollarynyň” baş direktory Oleg Belozerowyň Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär.

Belozerowyň sözlerine görä, şu ýylyň 5 aýynda bu geçelgedäki demir ýol gatnawy 42% ýokarlanyp, daşalýan ýüküň möçberi 4 million tonna ýetdi.

Bu habar türkmen ýolbaşçylarynyň GDA-nyň tohum öndürmek boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasaryny, "Tohumlar" birleşiginiň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Şu aralykda, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde Russiýanyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen gepleşik geçirdi.

16-njy iýunda bolan duşuşykda resmiler geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 1 milliard 636,8 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny bellediler.

Strategik hyzmatdaşlar hökmünde, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ylalaşygyna geldiler diýip, habarda aýdylýar.

Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda Russiýa bilen aradaky demirýol gatnawyny ýatyryp, Moskwadan mümkin boldugyça daşlaşmaga çalşan Aşgabadyň soňky ýyllarda, Russiýanyň Ukraina goşun sürmeginiň fonunda, Kreml bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG