Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen uçarlary Londonyň Hitrow howa menziline gatnawyny dikeldýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanyň ýolagçy uçarlary 4-nji noýabrdan başlap ýene Londonyň Hitrow howa menziline uçup başlar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” awiakompaniýanyň resmi web sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Uçar gatnawlary, habarda aýdylmagyna görä, hepdede bir gezek, altynjy günde amala aşyrylar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki awiakompaniýasy London bilen arada COVID-19 pandemiýasy sebäpli togtadylan uçuşlary 2023-nji ýylyň mart aýynda dikeltdi, häzir bu gatnawlar hepdäniň üçünji günleri, Aşgabat bilen Londonyň Stansted howa menziliniň aralygynda amala aşyrylýar.

Ýöne habarda täze gatnawyň öňki gatnawyň ýerine açyljakdygy ýa goşmaça gatnaw boljakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar diýip, garaşsyz neşir belleýär.

XS
SM
MD
LG