Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen wekili TOPH-yň Hyratdaky işleriniň wagtynda tamamlanjakdygyny aýdýar

 Taýýarlanan bölekde zerur infrastruktura işleri doly ýerine ýetirildi, birnäçe işçi düşelgesi guruldy.
Taýýarlanan bölekde zerur infrastruktura işleri doly ýerine ýetirildi, birnäçe işçi düşelgesi guruldy.

Owganystanyň Hyrat welaýatynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň 91 kilometrlik böleginde turbalary çekmek üçin taýýarlyk işleri tamamlandy diýip, türkmen metbugaty resmi maglumata salgylanyp habar berýär.

“Biznes Türkmenistan” TOPH taslamasynyň Owganystandaky ygtyýarly wekili Bangunj Abdulla Ýofyň, Hyrat welaýatynyň häkimi şeýh Mawlawy Islamjaryň we Türkmenistanyň Owganystandaky baş konsuly Batyr Ýolowyň duşuşandygyny belleýär.

Hyrat welaýat häkimliginiň bellemegine görä, taýýarlanan bölekde zerur infrastruktura işleri doly ýerine ýetirildi, birnäçe işçi düşelgesi guruldy.

Batyr Ýolow Hyrat welaýatynda TOPH gaz geçirijisi babatyndaky işleriň, tassyklanan meýilnama laýyklykda, ýylyň ahyryna çenli tamamlanjakdygyna ynam bildirdi.

XS
SM
MD
LG