Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen wekiliýeti Soçide mejlislere gatnaşýar, aşgabatlylara “Çeburaşka” görkezilýär


 Türkmenistany[ hökümet başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen görüşýär. Türkmen DIM-niň fotosuraty
Türkmenistany[ hökümet başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen görüşýär. Türkmen DIM-niň fotosuraty

Türkmenistan 7-9-njy iýun aralygynda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilýän “Ýewraziýa – biziň öýümiz” atly sergide öz täze önümlerini görkezýär diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň mejlislerine gatnaşan türkmen wekiliýetine hökümet başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň wekiliýetiniň 3-nji Ýewraziýa kongresiniň, GDA-nyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 2-nji ýaşlar forumynyň işine gatnaşýandygy habar berilýär.

Synçylar Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň fonunda, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan barha kän üzňeleşdirilýän Moskwanyň ozalky sowet respublikalary, şol sanda Türkmenistan bilen aradaky gatnaşyklary täzeden pugtalandyrmaga çalyşýandygyny aýdýýarlar.

Şu aralykda türkmenistanlylara rus kinoprokatynyň iň girdejili filminiň — “Çeburaşka” maşgala komediýasynyň görkeziljekdigi habar berildi.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, 9-14-nji iýun aralygynda Aşgabatda Rus kinosynyň günleri geçirilýär we “Rus kinosy festiwalynyň” myhmanlary ”Berkarar” kinoteatrynda "Iwan Sarewiç we Çal Möjek 5", "Ermitažyň pişikleri", "Jadygöýler" atly filmlere hem mugt tomaşa edip bilerler.

XS
SM
MD
LG