Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistan” 10 sany halkara ugur boýunça ýolagçy gatnadýar


Türkmen uçarlary
Türkmen uçarlary

“Türkmenistan” awiakompaniýasy, ýyl başyndaky görkezijilere görä, 10 sany halkara ugur boýunça, 8 ýurda gurlaýan uçar gatnawlaryny amala aşyrar diýip, türkmen metbugaty awiakompaniýanyň resmi saýtyna salgylanyp habar berýär.

Uçuşlaryň aglaba bölegi Russiýa Federasiýasyna amala aşyrylar, ýagny türkmen uçarlary Moskwa hepdede 5 gezek, Kazana bolsa hepdede 4 gezek gatnar.

Mundan öň, howsuzlyk ýagdaýlary bilen baglylykda, Aşgabat-Moskwa aralygyndaky uçar gatnawlary çäklendirilipdi.

Şeýle-de, türkmen uçarlary BAE-niň Abu-Dabi şäherine anna güni, Dubaýa bolsa hepdäniň duşenbe we çarşenbe günleri uçar.

Mundan başga, London, Maýn boýundaky Frankfurt, Bangkok, Pekin we Deli şäherlerine hepdede bir gezek gatnaw ediler. Stambul şäherine bolsa uçuşlar gündelik amala aşyrylýar diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanlylar, wiza almazdan baryp bilýän ýurtlarynyň juda az bolmagy sebäpli, geçen ýyl Türkiýä wizasyz barmak mümkinçiliklerini hem ýitirmekleri netijesinde, halkara uçar gatnawlaryndan öz isleglerine laýyk, ýeterlik derejede peýdalanyp bilmeýärler.

Bu ýagdaý “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň we türkmen hökümetiniň millionlarça dollar harçlap alan uçarlarynyň, täze gurlan uçar menzilleriniň getirjek girdejileriniň öňüni alýar, ýurda ykdysady zyýan bolýar diýip, hökümet tankytçylary aýdýar.

XS
SM
MD
LG