Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan, ABŞ ýene hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmen, amerikan baýdaklary. Bezeg suraty
Türkmen, amerikan baýdaklary. Bezeg suraty

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi diýip, türkmen DIM-i 27-nji martda anyklaşdyrman habar berdi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berlendigi bellenýär.

Mundan öň, 23-nji martda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Ruduň arasynda geçirilen duşuşykda hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giňişleýin ara alyp maslahatlaşylandygy aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG