Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Harytlar gymmatlaýar, resmiler söwdagärlere basyş edýär


Aşgabadyň "Ors bazarynda" gök-bakja önümlerini satýan zenan.
Aşgabadyň "Ors bazarynda" gök-bakja önümlerini satýan zenan.

Şu günler Aşgabadyň bazarlarynda azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň barha gymmatlamagy bilen, bazar resmileri nyrhlary öňki durkunda saklamak ugrunda söwdagärlere basyş edip başladylar.

Eýýäm 3-4 aýdan bäri Türkmenistanyň bazarlarynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň bahalary günsaýyn ýokarlanyp, häzir olaryň nyrhlary öňküsine görä 30-40% çemesi artdy. Bu, esasan, daşary ýurtlardan getirilýän we ýerli kärhanalarda öndürilýän konditer we gök-bakja önümlerinde, şeýle-de öý hajatlary üçin niýetlenen: şampun, gap-gaç, egin-eşik ýuwujy serişdelerinde göze ilýär.

Meselem, mundan ozal her kilosy 9 manada satylýan Orsýetden getirilen “karamel” süýjileri häzirki wagtda 12 manada durýar. 1 kilogramy 4 manat bolan kökeleriň bahasy bolsa 6 manada ýetdi. Käşiriň 1 kilogramy 2 manatdan 3 manada çenli gymmatlady.

Şeýle-de, daşary ýurtlardan getirilýän hususy gigiýena serişdeleriniň bahalary hem öňküsinden azyndan 1-1,5 manat ýokarlandy.

Ýaşaýjylara ýaramaz täsir edýär

Azyk harytlaryň tas ählisiniň gymmatlamagynyň ýerli ýaşaýjylaryň aglabasyna ýaramaz täsir edýändigi aýdylýar.

“Bazara barar ýaly däl, bahalar dowamly ýokarlanyp barýar. Şu günler ýaşaýjylaryň gyş üçin pomidor, hyýar ýapýan möwsümi. Her tomus banka ýapýardyk. Ýöne bahalardan ýaňa şu ýyl muny goýbolsun edip otyrys” diýip, aşgabatly Dürbibi daýza gürrüň berýär.

Bazarlarda harytlaryň we önümleriň bahalarynyň gymmatlamagy, onuň sebäpleri barada resmi metbugatda ýa-da radio-telewideniýede hiç hili maglumat berilmeýär. Emma söwdagärleriň aglabasy azyk we senagat harytlarynyň bahasynyň gymmatlamagynyň sebäplerini hökümetiň dollara girizen çäklendirmeleri we onuň “gara bazardaky” nyrhynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Ýeri gelende ýatlatsak, häzirki gün dollaryň “gara bazarynda” 1 dollaryň bahasy 7 manada çenli ýeten bolsa, onuň döwlet tarapyndan kesgitlenen kursy 3,50 manada deňdir.

Şol wagtyň özünde, soňky günlerde paýtagtyň bazarlaryndaky gymmatlama diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen çäklenmeýär; ýurduň öz içinde çykarylan önümleriň-de bahalary ýokarlandy. Mysal üçin, ýurduň içinde öndürilýän süýji-kökeleriň 1 kilogramynyň bahasy-da ozalky nyrhyna görä 1-2 manat gymmatlady.

Bazar resmileri tagalla edýärler

Ýurduň içinde süýji-köke önümlerini öndürýän “Hazar” ýaly käbir kärhanalaryň jogapkär resmileri özleriniň öndürýän harytlary üçin şeker, un, ýag ýaly ýerli önümleriň ýeterlik bolmaýandygyny aýdýarlar.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran bir kärhana resmisi öz köke önümleri üçin esasan, Gazagystandan we Orsýetden import edilen uny ulanýandyklaryny aýdyp, şeýle diýdi:

“Dollara girizilen çäklendirmeler sebäpli uny daşary ýurtdan getirýän söwdagärler gymmat bahadan satýarlar. Daşary ýurt ununyň, mesge ýagynyň, şekeriň bahasynyň gymmatlamagy bilen, biz hem öz önümlerimizi gymmatlatmaly bolduk”.

Häzirki wagtda, paýtagtyň “Teke bazary” we “Ors bazary” ýaly iri söwda merkezlerinde bazar administrasiýasy harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagyny saklamak ugrunda tagalla edýärler.

Bu bazarlarda ýerli resmiler söwdagärlere her harydyň satylmaly nyrhyny paýlap, harydy şol kesgitlenen bahadan satmagy tabşyrýarlar. Emma bu tabşyrykdan söwdagärleriň tas ählisi diýen ýaly nägile bolýar.

“Bizden harydy alan bahamyzdan hem pese satmagy tabşyrýarlar. Men peýdadan-a geçdim, zyýana galyp başladym” diýip, “Ors bazarda” özüni Welmyrat diýip tanyşdyran söwdagär aýdýar.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, azyk harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly ýagdaý Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda hem göze ilýär.

Türkmenabadyň bazarlarynda-da soňky aýlaryň dowamynda azyk harytlarynyň bahasy takmynan 30% gymmatlady.

XS
SM
MD
LG