Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda abat aýnalar ‘gara’ çalşyryldy


Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän onlarça jaýdaky ýüzlerçe penjiräniň adaty ak aýnasy altynsöw öwüsýän gara aýnalar bilen çalşyryldy.
Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän onlarça jaýdaky ýüzlerçe penjiräniň adaty ak aýnasy altynsöw öwüsýän gara aýnalar bilen çalşyryldy.

Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän onlarça jaýdaky ýüzlerçe penjiräniň adaty ak aýnasy altynsöw öwüsýän gara aýnalar bilen çalşyryldy. Bu penjireler mundan alty ýyl çemesi ozal hökümetiň maliýe serişdesiniň hasabyna oturdylypdy.

Bu aýna çalşygy paýtagtyň Magtymguly şaýolunyň ähli ýerinde däl-de, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen çatrykdan, Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen çatryklarynyň arasyndaky 5 kilometr çemesi bölekdäki jaýlarda amala aşyryldy.

Bu iki çatrygyň aralygyndaky jaýlaryň 20%-e golaýy hususy ýaşaýyş jaýlary bolup, galan bölegini döwlet edara-kärhanalarynyň ofisleri, sport desgalary we seýilgähler emele getirýär. Olaryň arasynda “Aşgabat” kinokonsert merkezi, Milli Howpsuzlyk ministrligi, Içeri işler ministrligi, Ylymlar akademiýasy we Saglygy saklaýyş guramalary bar.

Penjireler mundan alty ýyl öň çalşyrylypdy

Häzirki wagt bu köçäniň ugrundaky 30-a golaý iki we üç gatly hususy jaýlardaky ýüzlerçe penjirä daşyndan seredeniňde altynsöw öwüsýän gara aýnalar oturdyldy. Bu penjirelerdäki öňden bar bolan aýnalary aýryp, olaryň deregine täzelerini oturtmak çäresi doly hökümetiň maliýe serişdesiniň hasabyna amala aşyryldy.

Ýeri gelende ýatlatsak, şäheriň iň gatnawly protokol köçeleriniň biri bolan Magtymguly şaýolunyň ugrundaky jaýlaryň penjireleri mundan alty ýyl çemesi ozal hökümetiň maliýe serişdesiniň hasabyna täzelenipdi. Şonda öňden bar bolan penjireleriň ählisi aýrylyp, olaryň deregine täze ak reňkdäki plastik penjireler oturdylypdy.

Bu sebitde öňden duran abat aýnalara goşmaça maliýe serişdesi goýberilip, häzirki wagt gara reňke çalşyrylmagyna nähili zerurulygyň bolandygy, oňa döwlet tarapyndan näçe maliýe serişdesiniň sarp edilendigi barada resmi taýdan halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

“Hökümet işçileri gelip, ‘Bize berlen buýruk bar, aýnalary çalyşmaly’ diýdiler, soňra-da çalşyp gitdiler. Ýöne mundan alty ýyl çemesi ozal goýlan täze aýnalaryň gaýtadan gara reňke çalşyrylmagyna näme zerurulygyň bardygyna düşünmedik. Abat aýnanyň deregine ýene täzesini oturmaga harçlanjak maliýe serişdesini şäheriň sandan çykan jaýlaryny, saglyk öýlerini abatlamk üçin sarp etseler bolardy” diýip, aýnasy çalşyrlan aşgabatly ýaşaýjy 45 ýaşlaryndaky Merjen daýza gürrüň berýär.

Mundan ozalky çäreler

Ýerli synçylaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, Magtymguly şaýolunyň ugrundaky hususy jaýlaryň penjirelerini bu köçedäki döwlet-edara kärhanalarynyň jaýlarynyň aýnalary bilen birmeňzeş etmek üçin çalşyrlana meňzeýär.

Aşgabatda protokol köçeleriň ugrundaky jaýlaryň penjirelerini ýa-da aýnalaryny çalyşmak bilen baglanyşykly çäre wagtal-wagtal gaýtalanyp durýar. Şuňa meňzeş çäre Türkmenistanyň “Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy” mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirilmezden bir ýyl çemesi ozal bolupdy.

Şonda döwletiň maliýe serişdesiniň hasabyna paýtagtyň protokol köçeleriniň ugrunda ýerleşýän köpgatly jaýlaryň ýüzlerçesiniň penjireleri plastik penjireler bilen çalşyrylypdy.

XS
SM
MD
LG