Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny ýola goýýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 15-nji dekabrdan başlap, dört aý töweregi arakesmeden soň, Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyryp başlar. Bu barada kompaniýanyň websaýtynda 11-nji dekabrda mälim edilýär.

Mundan öň, “Türkmenistan” awiakompaniýasy 1-nji awgustdan başlap, “uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen” diýen düşündiriş esasynda, Aşgabat - Moskwa aralygynda iki tarapa uçuşlaryny togtadypdy.

Bu Ukraina garşy esassyz urşy alyp barýan Russiýanyň paýtagtynda pilotsyz uçarlaryň eden hüjümleriniň yz ýanyna gabat geldi.

Şondan bäri "Türkmenistan" awiakompaniýasy Russiýa edýän uçar gatnawlaryny Aşgabat - Kazan - Aşgabat ugry boýunça amala aşyryp başlady.

Munuň netijesinde, gysga wagtyň içide Kazana biletleriň hem ýiti gytçylygy döredi.

Resmi maglumatda, Moskwa ugry boýunça biletleri "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň websaýtynda, şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň çägindäki satuw nokatlarynda satyn alsa bolýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG