Türkmenistan Eýranyň üsti bilen, swap ylalaşygynyň esasynda, Azerbaýjana tebigy gazyny akdyrmagy bes etdi. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Azerbaýjanyň Trend gullugyna salgylanyp habar berýär.
Maglumatda muňa 2024-nji ýyl üçin gazy akdyrmagyň şertlerini ylalaşmak başartmandygy sebäp bolandygy aýdylýar.
Resmi Aşgabat bu barada häzirlikçe maglumat bermedi.
Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwaryndan Azerbaýjana öz gazygy akdyryp başlapdy.
2022-nji ýylda Türkmenistanyň swap ulgamy arkaly Azerbaýjana 0.9 milliard m3 gaz, 2023-nji ýylda bolsa 2.6 milliard m3 gaz akdyrandygy bellenilýär.