Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Azyk gytçylygynyň fonunda harytlar gymmatlaýar


Türkmenistan: Azyk gytçylygynyň fonunda harytlar gymmatlaýar

Türkmenistanda, hususan-da, Aşgabatda we Mary welaýatynda käbir azyk önümleriň gytçylygy sebäpli un, şeker, tüwi we ösümlik ýagynyň bahalary telim esse gymmatlady.

Meselem, mundan iki aý çemesi ozal Türkmenistanda öndürilen şekeriň 1 kilogramynyň bahasy 1 manat 80 teňňe we 20 manat aralygynda bolan bolsa, häzirki wagtda ony döwlet dükanlarynda 3 manat 20 teňňä, ýurduň Senagatçylar we telekçiler birleşigine agza dükanlarda bolsa 5 manatdan 10 manat aralykda satylýar.

Tüwiniň 1 kilogramynyň bahasy mundan sanlyja aý ozal 1 manat 60 teňňe bilen 2 manat aralygyndady, häzirki wagt ony döwlet dükanlarynda 9 manatdan 11 manat aralygynda satyn alyp bolýar. Ösümlik ýagynyň öňki bahasy 2-5 manada deň bolsa, indi 6-15 manada ýetdi. Öň 50 kilogramlyk 1 halta unuň bahasy 50 manada barabardy, häzir ol ortaça 80 manada durýar.

Mälim bolşy ýaly, indi iki aýa golaý wagt bäri, Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda we hususy eýeçilikdäki söwda nokatlarynda un, şeker, tüwi we ösümlik ýagy ýaly azyk harytlary ýeterlik derejede tapdyrmaýar. Bu harytlar döwlet dükanlaryna her 10 günde bir gezek getirilýär we ençeme sagatlap nobata duran adamlar her saparda olardan diňe 1 kilogram satyn alyp bilýärler.

Aşgabadyň "Berkarar" söwda merkezindäki dükanda miwe şiresini, suwuny satyn almasaň, şeker berilmeýär.
Aşgabadyň "Berkarar" söwda merkezindäki dükanda miwe şiresini, suwuny satyn almasaň, şeker berilmeýär.

Galyberse-de, sişenbe gününden başlap Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň eýeçiliginde bolan “Berkarar” atly söwda we dynç alyş merkezinde hem şeker satylyp başlanyp, bu ýerde hem adamlaryň uly nobatlary emele geldi.

Döwlet dükanlaryndan tapawutlylykda, bu ýerde adamlardan 1 kilogramynyň bahasy 5 manada durýan şeker bilen birlikde miwe şiresini, ýagny suwuny hem satyn almak talap edilýär. Muny satyn almak islemeýän adamlara şeker hem satylmaýar.

“Bir gutusy ortaça 3 manat 20 teňňä durýan miwe şiresini satyn almasalar, onda dükanyň satyjylary şekeri-de bermeýärler. Ozaly bilen miwe şiresini satyn almaly, şonuň gapdalyna hem goşup şekeri berýärler. Özem ol miwe şerbetleri o diýen bir geçginli haryt däl. Paýtagtyň ýaşaýjylary ýurduň içinde öndürilen şeýle harytlara o diýen höwes bildirmeýärler” diýip, ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, paýtagtda dowam edýän azyk gymmatlamasynyň welaýatlarda, hususan-da, Maryda has-da ýiti derejede duýulýandygyny Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar.

“Azyk bolçulygy – parahat ösüş”

“Ozal 1 haltasy 50 manat bolan unuň bahasynyň 100 manada ýetendigini ýaşaýjylar gürrüň berdiler. Özüm käbir azyk dükanlaryna aýlanyp gördüm, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 1 kilogramy 3 manat 20 teňňeden satylýan şekeriň bahasy Maryda 8 manada durýar. Dükanyň satyjylary 8 manatlyk şeker hem häzir ýok, ertir bolmagy mümkin diýýärler” diýip, ýakynda Mara sapar eden Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa aýdýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda ýurtda azyk bolçulygyna ýokary derejede üns berilýändigi, ýaşaýjylar üçin ähli harytlaryň elýeterlidigi wagtal-wagtal nygtalýar. Hatda 2015-nji maý aýynda geçirilen Bütindünýä “EXPO-2015” sergisinde Türkmenistan “Azyk bolçulygy – parahat ösüş” diýen şygar astynda çykyş edipdi.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygy, onuň sebäpleri ýa-da bu ýagdaýyň haçana çenli dowam etjekdigi barada resmi metbugatda halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG