Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2017-nji ýyldan bäri bäş esse artyp, 2023-nji ýylda 1 milliard dollardan hem aşdy diýip, newscentralasia internet neşiri Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçisi Akmalžon Kuçkarowyň 5-nji fewralda Aşgabatda geçiren brifingindäki sözlerine salgylanyp habar berýär.
Ilçi Türkmenistandan Özbegistana gelýän önümlere özbek bazarlarynda uly isleg bildirilýändigini, şeýle ýagdaýlaryň Türkmenistanda hem bardygyny belledi.
Emma söwda edilen anyk önümleriň atlary we görnüşleri agzalmady.