Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Bütindünýä banky bilen maslahatlaşýar, edilen maslahat aýdylmaýar


Türkmenistan Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy diýip, türkmen metbugaty 5-nji oktýabrda habar berdi.

4-nji oktýabrda bolan maslahatyň Daşary işler ministrliginiň binasynda, ministriň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew bilen bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy Tatýana Proskurýakowanyň arasynda geçirilendigi aýdylýar.

Gepleşikleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, habarda başga hiç bir jikme-jiklik açylmaýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” bankyň resmi saýtynda bu duşuşyk barada hiç bir maglumatyň berilmändigini belleýär we bu bankyň 2021-nji ýylda Türkmenistana Covid-19 epidemiýasyna garşy göreşiň çäklerinde 20 million dollar berendigini ýatladýar.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, bu bank resmi Aşgabadyň türkmen ykdysadyýetiniň ýagdaýy bilen bagly çap edýän resmi sanlaryny ygtybarly hasaplamaýar.

XS
SM
MD
LG