Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistan howaýollary” Almaty şäherine yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeltdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

“Türkmenistan howaýollary” 2-nji iýunda Aşgabat-Almaty-Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeltdi diýip, “Kazinform” neşiri Gazagystanyň Raýat awiasiýasy komitetine salgylanyp habar berdi.

Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastruktura ösüşi ministrliginiň Raýat awiasiýasy komiteti we Türkmen tarapy Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky uçar gatnawlaryny gaýtadan başlamak ylalaşygyna geldi.

“Türkmenistan howaýollary” iki ýurduň arasyndaky ýolagçy gatnawlaryny 2-nji iýunda Almaty-Aşgabat ugry bilen hepdede bir gezek amala aşyrmaga başlady.

Dikeldilen uçar gatnawlary iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady, işewürlik, syýahatçylyk we medeni hyzmatdaşlygy hasam ösdürmäge kömek eder diýip, habarda bellenýär.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky yzygiderli gatnawlar koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy.

XS
SM
MD
LG