Türkmenistan, 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Hytaýa geçiriji arkaly gaz ibermegiň möçberi boýunça ikinji orna geçdi diýip, TASS Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
Hytaýyň Orsýetden edýän gaz importy geçen ýyl 17,1% artyp, 9,41 milliard dollarlyk möçbere ýetdi.
Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gaz 12,1% azalyp, 8,41 milliard dollarlyk boldy.
Türkmenistan 2024-nji ýylda Hytaýa 9,57 milliard dollarlyk, Russiýa 8,03 milliard dollarlyk gaz eksport etdi.
Türkmen gazy Hytaýa Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisiniň üç ugry — A, B we C — şahamaçalary arkaly iberilýär. 1833 kilometr uzynlygyndaky üç liniýa, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça, biri-birine parallel ýagdaýda çekilen. Gaz geçiriji ulgamynyň umumy kuwwaty ýylda 55 milliard kub metr gaza deň.