Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetiň işine gatnaşandygyny aýdýar


Döwletiň guraýan wagyz çärelerinde bezeg hökmünde ulanylýan aýal-gyzlaryň käbiri munuň "mejbury, agyr we kemsidiji zähmetdigini" aýdýar.
Döwletiň guraýan wagyz çärelerinde bezeg hökmünde ulanylýan aýal-gyzlaryň käbiri munuň "mejbury, agyr we kemsidiji zähmetdigini" aýdýar.

TDH 7-nji fewralda türkmen wekiliýetiniň Zenanlara garşy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetiň mejlisine gatnaşandygyny habar berdi.

Zenanlara garşy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetiň (CEDAW) Ženewa şäherinde gçirilýän 87-nji mejlisi 29-njy ýanwarda başlandy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şweýsariýadaky sessiýa 2-nji fewralda gatnaşdy we onuň dowamynda zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky Konwensiýanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň döwürleýin altynjy hasabatyna seredildi.

Habarda Türkmenistanyň 2018-nji ýylda geçirilen döwürleýin synda öňe sürlen meseleleri çözmek üçin 2018-2023 ýyllar aralygynda gören çäreleri barada maglumat berlendigi aýdylýar, ýöne hiç bir anyk zar aýdylmaýar.

Şeýle-de, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky türkmen wekili Wepa Hajyýewiň 6-njy fewralda Ženewada BMG-nioň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Türk bilen duşuşandygy habar berilýär.

Habarda Türkmenistanyň bu guramanyň özenini düzýän gymmatlyklara we ýörelgelere ygrarly bolup galýandygy, şunuň bilen baglylykda, Adam hukuklary boýunça ýokary komissaryň edarasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamagy wajyp hasaplaýandygy bellenýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar, anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ylalaşygyna geldiler.

Türkmenistan halkara adam hukuklary guramalary tarapyndan ýurduň adam hukuklary boýunça alan borçnamalaryny yzygiderli we gödek bozmakda tankyt edilýär. Emma türkmen metbugaty bu tankyt we ýurtda dowam edýän hukuk bozulmalary barada aýdylýan zatlara berýän resmi düşündirişi barada açyk maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.

Zenanlara garşy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetiň mejlisi öz işini 2024-nji ýylyň 16-njy fewralyna çenli dowam etdirýär.

Şunuň bilen baglylykda, Azatlyk radiosy ýerli synçylaryň, hünärmenleriň pikirleri esasynda, türkmenistanly aýal-gyzlaryň duçar bolýan kemsitmeleri barada ýörite gepleşikleri taýýarlaýar.

XS
SM
MD
LG