Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan owgan demirýolçylaryna tälim berýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Owganystanyň Demirýol administrasiýasynyň resmileri bu edaranyň 14 sany tehniki işgäriniň gysga möhletli tehniki tälim üçin Türkmenistana iberilendigini aýdýarlar diýip, RTT English neşiri özüniň twitter hasabynda anyklaşdyrmazdan habar berýär.

Türkmen metbugaty maý aýynda owganystanly demirýol işgärleriniň birnäçesiniň “Türkmendemirýollary” agentliginiň Türkmenabat şäherindäki hünär tehniki okuw mekdebinde dört aýlyk okuwlaryny tamamlap, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan şahadatnamalaryny alandyklaryny habar beripdi.

Okuwlar agentlik bilen Owganystanyň demirýol edarasynyň arasynda baglaşylan ähtnama laýyklykda alnyp baryldy diýip, “Jeyhun.news” habar berdi.

XS
SM
MD
LG