Türkmenistan 2024-nji ýylyň dowamynda Owganystana 1.8 milliard kWs elektrik toguny iberer. Bu barada media serişdeleri, Aşgabatda Owganystanyň iň iri energiýa kompaniýasy bilen geçirilen duşuşygyň netijelerine salgylanyp, habar berdi.
Maglumata görä, iki günlük saparyň dowamynda degişli ylalaşyga gol goýlupdyr. Türkmen togunyň dört, ýagny Andhoý, Akgine, Badgiz we Turgundu-Herat ugurlary arkaly akdyryljakdygy bellenilýär.
Aşgabatda owgan tarapy Türkmenistanyň energiýa ministri Annageldi Saparow, Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň başlygy Durdy Ylýasow we beýleki resmiler bilen gepleşikleri geçiripdir.
Mundan başga-da, duşuşyklaryň dowamynda Owganystanyň Herat welaýatyndaky bir podstansiýany döwrebaplaşdyrmak barada ylalaşylandygy, ‘Türkmenenergo’ kärhanasynyň hem bu proýektiň tamamlanmagyny çaltlaşdyrmaga razy bolandygy bellenilýär.
Türkmenistan ençeme ýyl bäri özüniň günorta goňşusy Owganystanyň demirgazyk we demirgazyk-günbatar sebitlerine, arzanladylan bahadan, elektrik togyny akdyrýar. Türkmen elektrik energiýasy Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana hem iberilýär.
Şol bir wagtda, ýurduň ilaty eýýäm ençeme ýyldan bäri, esasan hem tomus we gyş aýlary, tok üpjünçilik bökdençlikleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar.