Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Russiýa goýun ýüňüni eksport edýär


Türkmenistanda mal derileriniň we ýüňleriniň ýygnalman, zyňylýan halatlarynyň hem bolýandygy aýdylýar.
Türkmenistanda mal derileriniň we ýüňleriniň ýygnalman, zyňylýan halatlarynyň hem bolýandygy aýdylýar.

Russiýa Türkmenistandan 17 tonnadan gowrak goýun ýüňüni import etdi diýip, “Türkmenportal” Orsýetiň resmi çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

“Rosselhoznadzoryň” ýerli işgärleri 3-nji iýulda Týumen gümrük gullugynyň işgärleri bilen Kurgan şäheriniň gümrük gözegçilik zolagynda 17,4 tonna goýun ýüňüni gözden geçirdi diýip, neşir Türkmenistandan ýüklenen ýüküň sebite awtoulag transporty arkaly getirilendigini belleýär.

Şeýle-de ýüküň degişli hünärmenler tarapyndan geçirilen ýörite barlaglardan üstünlikli geçendigi aýdylýar.

Türkmenistanda eksport we import görkezijileri, şol sanda ýurduň daşardan getirýän azyk önümleri, eksport edilýän çig malyň mukdary we bahasy baradaky anyk maglumatlar çap edilmeýär.

XS
SM
MD
LG