Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan russiýaly çagalara ynsanperwerlik kömegini iberer


Rus prezidenti Wladimir Putin wladiwostokly çagalar bilen. 1-nji sentýabr, 2021. Arhiw suraty
Rus prezidenti Wladimir Putin wladiwostokly çagalar bilen. 1-nji sentýabr, 2021. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolan tebigy hadysalardan ejir çeken sebitde ýaşaýan çagalara ynsanperwerlik kömegini ibermek baradaky buýruga gol çekdi.

Bu buýruk Dokma senagaty ministrligini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini taýýarlap, Russiýanyň Uzak Gündogarynda ýerleşýän Primorýe sebitiniň çagalaryna muzdsuz ibermäge borçly edýär.

Kararda görkezilmegine görä, bu iki guramanyň toplan kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda ýa-da onuň adyndan iberiler.

Şeýle-de, ýurduň Daşary işler ministrliginiň Russiýa iberiljek ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmäge borçly edilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG