Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan saglyk işgärleriniň gününi belleýän mahaly, lukmanlar zähmet şertleriniň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny aýdýar


Türkmen lukmanlary ne zähmet şertleriniň, ne-de aýlyk haklarynyň gowulanýandygyny aýdýarlar. (Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat)
Türkmen lukmanlary ne zähmet şertleriniň, ne-de aýlyk haklarynyň gowulanýandygyny aýdýarlar. (Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat)

10-njy oktýabrda Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň güni bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu gün mynasybetli ýollan gutlagynda paýtagtda we welaýatlarda täze saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleriniň we häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleriniň gurlandygyny aýdýar. Şeýle-de, onda bu sebäpli ýurtda “lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliginiň we hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygy” öňe sürülýär. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli saglyk işgärleri welaýat merkezlerinden galan sebitleriň hassahanalarynyň ýagdaýynyň örän gözgynydygyny aýdyp, zähmet şertleriniň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny belleýärler.

“Şu gün saglyk işgärleriniň güni bolsa-da, olar bu gün dynç almaýarlar. Hut şu gün hem, olar üç topara bölündiler. Ýurduň ähli welaýatlarynda saglyk işgärleriniň bir topary ýerine bolsa, ikinji topary bu gün mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin çäredir dabaralara mejbury gatnaşdyrylýar. Bu çäreler diňe döwlet telewideniýesine reportaž taýýarlamak üçin geçirilýär. Olaryň üçünji topary bolsa, gowaça meýdanlaryna pagta ýygymyna alnyp gidildi. Ýygyma diňe Aşgabadyň saglyk işgärleri gatnaşdyrylmaýar” diýip, ýagdaýlardan habarly saglyk pudagyndaky ynamdar çeşmämiz aýtdy.

Ýurduň dürli welaýatlaryndaky habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli lukmanlaryň ençemesi prezidentiň “ilaty ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmekde üstünlikleriň gazanylandygy” baradaky öňe sürmesiniň hakykata gabat gelmeýändigini aýdýar.

“Welaýatlardaky hassahanalaryň 80%-i öz ulanyş möhletinden geçdi. Olaryň aglabasynda 50-60 ýyl bäri düýpli abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Olaryň diwarlarynyň daşy we içi gopup dur. Olarda zerur bolan döwrebap medisina enjamlary hem ýok. Köp näsag öz saglygyna seretdirmek üçin paýtagta sapar etmeli bolýar” diýip, ýerli lukman gürrüň berdi.

Şeýle-de, lukmanlar hassahanalary abatlamak üçin döwlet tarapyndan maliýe serişdesiniň goýberilmeýändigini, bularda özleriniň öňden hem az bolan zähmet haklarynyň hasabyna bejeriş işleriniň geçirilýändigini aýdýarlar.

“Bu işler üçin lukmanlardan, şepagat uýalarynda, arassaçylyk işgärlerinden her ýyl pul ýygnalýar. Bu pula diňe ýüzleý abatlaýyş işleri geçirilýär. Diwarlary boýap, olardaky jaýryklary ýapýarlar” diýip, lukman aýlyklarynyň üçden bir böleginiň dürli maksatlar üçin ýygnalýan pullara gidýändigini belledi.

Mundan başga-da, söhbetdeşimiz lukmanlaryň keselhanalarda geýmeli ýörite eşikleri, halatlary, hatda aýagyndaky şypbyklary hem öz hasaplaryna satyn almaly bolýandyklaryny aýdyp, ne zähmet şertleriniň, ne-de aýlyk haklarynyň gowulanýandygyny belleýär.

“Berdimuhamedow ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlarynda täze ösüşleriň üpjün edilýändigini her ýyl tekrarlaýar. Ýöne onuň bu öňe sürmesi köp saglyk işgäri tarapyndan kinaýa bilen garşylanýar. Sebäbi şertler gowulanmaýar. Hat-da lukmanlar we şepagat uýalary hassahanada geýmeli eginbaşlaryny-da, bazardakydan has gymmada satýan, ýörite firmalardan satyn almaga mejbur edilýärler” diýip, ýerli lukman aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Prezident 9-njy oktýabrda çap bolan gutlagynda ýurtda “saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys” hem diýýär. Ýöne onda türkmen lukmanlarynyň raýatlaryň saglygyny bejermek, ömrüni halas etmek boýunça geçirýän işleri barada hiç zat aýdylmaýar.

Türkmenistanda köp hassahananyň düýpli abatlaýyş işlerine mätäçdigi, olaryň ençemesinde saglyk hyzmatlarynyň öwerlikli däldigi, lukmanlardan ýygnalýan pullar, olaryň köpçülikleýin çärelere we oba hojalyk işlerine mejbury çekilmegi ýa-da bular üçin pul goşandyny goşmaga borçly edilmegi ýaly ýagdaýlar barada Azatlyk ýyllarboýy habar berip gelýär.

Galyberse-de, soňky ýyllarda öz saglygyny bejertmek üçin daşary ýurtlara, hususan-da, Eýrana, Hindistana, Türkiýä we Russiýa gidýän türkmenler köpelýär. Türkmenleriň köpüsi munuň sebäbini ýurtda saglyk pudagynyň öz isleglerini kanagatlandyrmaýandygy bilen düşündirýär.

Geçen aýda Eýranyň metbugaty ýurda goňşy ýurtlardan, şol sanda Türkmenistandan gelýän saglyk syýahatçylarynyň sanynyň barha köpelýändigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG