Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan, Taýwandaky saýlawlardan soň, “bir Hytaý” ýörelgesini goldaýandygyny aýdýar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistan “bir Hytaý” ýörelgesini berk goldaýandygyny we “bütin Hytaýa wekilçilik edýän hytaý hökümetiniň ýeke-täk kanuny hökümet bolup durýandygyny ýene bir gezek tassyklaýandygyny" mälim etdi. Bu baradaky beýanat 15-nji ýanwarda ýurduň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap boldy.

Bu beýanatdan öň, 13-nji ýanwarda Taýwanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda, häkimiýet başyndaky partiýanyň dalaşgäri Laý Sinde ýeňiş gazandy. Ol Taýwanyň materik Hytaý bilen birleşdirilmeginiň garşysyna çykyş edýär.

Hytaý öz-özüni dolandyrýan Taýwany özüniň territoriýasy hasaplaýar. Pekin bu adanyň diplomatiki ýaranlaryny hem, adatça ösüş goldaw wadalary bilen öz tarapyna çekmäge synanyşýar. “Bir Hytaý” diýilýän ýörelgäni Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Russiýa dagy hem goldaýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda, Taýwandaky saýlawlar agzalmady.

XS
SM
MD
LG