Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan türkmenleri Aşgabatdan nämä garaşýar?


Owganystanly türkmenler.
Owganystanly türkmenler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow 26-28-nji iýun aralygynda Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän welaýatlaryna saparda bolýar.

Owganystanly etniki türkmenler bu sapardan nämä garaşýarlar we Meredow näme näme diýdi? Umuman, owganystanly türkmenleriň şu wagta çenli Türkmenistana bildiren islegleri näderejede kanagatlandyryldy?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Owganystandaky etniki türkmenleriň Türkmenistanyň daşary işler ministriniň gurnan saparyndan garaşýan netijelerine gönükdirýär.

Bu temada taýýarlanjak gepleşige gatnaşyp, öz gören-eşidenlerini, tejribelerini, teklipdir-isleglerini dünýä türkmenlerine ýetirmek isleýänler biziň hat@azatradio.org elektronik hat salgymyz arkaly aragatnaşyga geçip bilerler.

Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG