Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pesnsiýalar belleniler


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmen metbugaty döwlet öňünde aýratyn hyzmat bitiren raýatlara şahsy pensiýalaryň belleniljekdigini habar berýär.

Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow 21-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň öňünde bitirilen aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň taslamasynyň taýýralanylandygyny aýtdy. Ýöne ol bu diýilýän pensiýanyň haýsy aýratyn hyzmatlar üçin beriljekdigini we möçberini anyklaşdyrmady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu hasabaty diňläp, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäniň ýurduň amala aşyrýan durmuş syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny belledi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanda iň pes aýlyk zähmet haky 1010 manada, pensiýa 410 manada, döwlet kömek pullary 390 manada deň, orta mekdeplerde bilim berýän mugallymlaryň ortaça aýlygy 2000 manada barabar bolup, ilatyň aglaba köpçüliginiň aýlyk gazanjynyň iýjek-içjegine we beýleki zerurlyklaryna ýeterden örän azdygy habar berilýär.

Bir hepde öň geçirilen hökümet ýygnagynda 2024-nji ýylda iň pes pensiýanyň 500 manat boljakdygy (döwlet bahasynda 143 dollar ýa-da gara bazar bahasynda 25,5 dollar) mälim boldy.

XS
SM
MD
LG