Prezident Serdar Berdimuhammedow 21-nji martda Aşgabadyň günorta böleginde geçirilen bag ekişlik çäresine gatnaşdy diýip, türkmen metbugaty habar berdi.
Mejlis başlygy, wise-premýerler, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bag ekmek çäresine goşuldy.
Ýowaryň dowamynda oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Taňryguly Atahalliýew bag nahallarynyň oturdylyşy barada hasabat berdi, Aşgabada gözegçilik edýän wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow paýtagtyň abadanlaşdyrylmagy we arassaçylygy, şeýle-de gurluşyk işleriniň gidişi barada hasabat berdi.
Şol gün ýurt boýunça 611 müň 962 düýp bag nahaly oturdyldy. Döwlet eýeçiligindäki habar agentligi TDH-niň maglumatyna görä, jemi 2 million 24 müň 240 baga ideg edildi.