Türkmenistanda ýolagçylara hyzmat etjek ilkinji elektrik otlusy Arkadag we Aşgabat şäherleriniň arasynda gatnar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň habaryna görä, bu aralyk elektrik otlusynda bary-ýogy 18 minut wagt alar. Ýöne bu taslamanyň haçan amala aşyryljakdygy, elektrik otlularynyň beýleki şäherlere hem gatnamak mümkinçiligi barada hiç zat aýdylmaýar.
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, Russiýanyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň Aşgabada gelen wekiliýeti «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow bilen Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy.
Taraplar Türkmenistanda Russiýanyň demirýol edarasynyň wekilhanasyny açmak we Russiýanyň Demirýollary korporatiw uniwersitetinde türkmen demirýol işgärlerini taýýarlamak meselesine hem garadylar.
Gepleşikleriň dowamynda birnäçe şertnama gol çekilendigi aýdylýar, ýöne elektrik otlusy baradaky taslamanyň beýleki jikme-jiklikleri agzalmaýar.
Sowet döwründe Moskwa gelip, elektrik otlusynda paýtagtyň etegindäki döredijilik öýüne gatnan türkmen ýazyjylarynyň käbiri şeýle otlularyň Türkmenistana gerekdigi barada birnäçe gezek mesele gozgady. Emma türkmen hökümeti Arkadag şäheri gurulýança bu meselä baş galdyrmady.