Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda rus pasportyny we wizasyny almak islegi we ýüz tutmak kynçylyklary saklanýar


Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy (illýustrasiýa suraty)
Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda Russiýa gitmek üçin wiza we dokumentlere islegler dowam edýär. Bu nobatlar uly bolup, ýüz tutýanlaryň arasynda işe we gazanç üçin gidýän raýatlar, okuwa barýan studentler we göçüş programmasy boýunça ýurtdan gidýän raýatlar bar. Azatlygyň habarçylary zerur resminamalary almak üçin ýüz tutmagyň mümkinçilikleri we kynçylyklary barada habar berýärler.

Raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan esasy meseleleri köpsanly dokumentleri ýygnamak we wiza ýüz tutmak bilen baglanyşykly. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, internet arkaly nobata ýazylmak ýa-da öňki pasporty gutaranda täze pasport almak üçin resminamalary tabşyrmak uly mesele bolýar. Göni nobata ýazylmak mümkin däl. VPN bolmasa internet arkaly sahypa girip bolmaýar.

"Meniň özüm geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri, pasportyň möhletiniň gutarmagyndan 10 aý öň, dostlarymyň kömegi bilen resminamalary tabşyrmak üçin ne özüm ýurt içinden, ne-de ýurduň daşyndaky dostlarymyň kömegi bilen nobata ýazylyp bildim. Fewral aýyndan bäri daşary ýurtdan dostlaryň kömegi bilen ýa-da Aşgabatda VPN petiklenmeýän daşary ýurt firmalaryndaky tanyşlaryň kömegi bilen nobata ýazylmak biraz aňsatlaşdy. Şonda-da köplenç, adam nobata ýazylýar, emma ol birden doňýar we öňe gitmeýär ýa-da ýazga durandygyň tassyklanmanka birden öçýär" - diýip, nobata ýazylan aşgabatly zenan gürrüň berdi.

Türkmenistandaky internet dünýäde iň haýal we iň gymmat hasaplanýar. Köp saýt petiklenýär, häkimiýetler VPN ulanyjylary yzygiderli yzarlaýar.

Orsýetiň pasportyny almak üçin ýüz tutan raýatlaryň bellemegine görä, hasaba alnandan soň resminama tabşyrmak üçin üç aý garaşmaly we ýene üç aýlap, täze pasportyňy almak üçin garaşmaly.

"Pasportyň şol möhletden ozal taýyn bolýan wagty hem bolýar, ýöne köpler mundan habarsyz galýar. Bu barada web sahypadan görüp bolmaýar, telefon arkaly hem jaň edip, gürleşip bolmaýar. Elektron poçtadan hem habar ibermeýärler" - diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi aýtdy.

Pasporty ele almak resminamalary toplap tabşyrmagyň iň soňky tapgyrydyr. Köp adam hatda pasport almak üçin ýüz tutmak tapgyryndan hem geçip bilmeýär, nobata ýazylyp, ähli dokumentleri tabşyrmak bilen bagly kynçylyklardan soň hem dokument bermekden ýüz öwürip bilýärler.

“Adamlar pasport üçin resminamalary tabşyrmak üçin birnäçe aýlap hasaba durup bilmeýäler, soň bolsa nobat alyp, gün belläp, uç aýdan soň baranlarynda, olara pasportynyň möhletiniň gutarandygy aýdylýar. Ýagny pasportynyň gutaran möhleti nobata ýazylan gününden däl-de, ýüz tutan güni hasaplanýar. Bu ýagdaýda ilçihanada resminamalary kabul etmekden ýüz öwürýärler. Hatda adamlar pasportyň möhleti geçendigi sebäpli 65 dollarlyk jerime tölemek isleseler-de, kabul edilmeýär" diýip, ýakynda pasport alan aşgabatly ýaşaýjy Azatlyga aýtdy.

Habarçynyň sözlerine görä, göçüriş programmasy boýunça wazalar we student wizalary mugt bolsa-da, bu barada hemmeler bilmeýär, şonuň üçin adamlaryň bu wizalar üçin tölemeli bolýan, şol sanda wizanyň gyssagly uzaldylmagy üçin 180-dollara ýetýän gomaça töleg etmeli bolýan ýagdaýlary ýüze çykýar.

Azatlyk, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda görkezilen telefon belgilere jaň edip, maglumat alyp bilmedi. Ilçihananyň web sahypasyndaky maglumatlarda wizalar we pasportlar üçin raýatlaryň öňünden elektron görnüşde hasaba durup, nobata ýazylmak arkaly kabul edilýändigi we arza berijä wizasynyň taýýar senesini görkezýän kwitansiýanyň berilýändigi aýdylýar. Şeýle hem konsullygyň arza berijä wiza bermekden ýüz öwürmek hukugynyň bardygy bellenýär.

Russiýa gitmek üçin resminamalary we wizalary almak üçin nobatlar birnäçe ýyl bäri gowşamaýar. Soňky ýyl Kreml Ukrainanyň çäginde söweş alyp barýar wagtynda Orsýetdäki uruş mobilizasiýasynyň töwekgelçiligine we migrantlara garşy reýdlere garamazdan, türkmenistanlylar Russiýa gidýärler.

Soňky on ýylda ýurduň ilatynyň ep-esli bölegi Türkmenistany terk etdi. Statistika edaralaryndaky çeşmeleriň anonim görnüşde Azatlyga beren maglumatlaryna görä, 2009-2019-njy ýyllar aralygynda ýurtdan giden raýatlaryň sany tas 2 million adama ýetipdir.

Habarçylaryň sözlerine görä, dürli milletlerden bolan dürli hünärmenler ýurtdan köp gidýärler. Köpüsi Orsýete göçmek programmasy boýunça barýarlar.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň migrasiýasyna degişli ýagdaýy resmi derejede agzamýar we statistiki maglumatlary çap etmeýär. Şol bir wagtyň özünde ýurtda biometriki pasport nobatlarynyň indiki ýylyň güýzüne çenli uzamagy ilatyň ýurduň daşyna çykmak islegleriniň möçberini görkezýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG