Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ykdysady ÝOJ-laryň rektorlary täzlendi, sebäbi aýdylmady

yTürkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binasy
yTürkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň binasy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-ni aprelde Aknabat Atabaýewany Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatdy. Onuň bu wezipeden başga işe geçmegi sebäpli boşadylandygy aýdylýar, ýöne haýsy işe geçirilendigi anyklaşdyrylmaýar.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory bolup işlän Baýram Taňryberdiýew, Atabaýewanyň ýerine, rektor wezipesine bellendi.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorynyň boşan wezipesine bolsa, Arslan Gurbannazarow bellendi.

Ýurduň ýokary okuw jaýlaryndaky rektor çalşygynyň anyk sebäpleri aýdylmaýar, şeýle-de, adatça bolşy ýaly, wezipä täze bellenen emeldarlaryň iş tejribeleri, täze ornunda nähili ilerleme döredip biljekdigi hakynda hiç bir maglumat berilmeýär.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, prezidentiň karary ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň işini has-da kämilleşdirmäge we maliýe ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, pudaklaýyn bilim ojaklarynyň arasynda tejribe alyşmak we dolandyryş ulgamyny täzelemek strategiýasynyň dowamy boldy.

Maglumat üçin aýtsak, türkmen prezidenti 13-nji fewralda ozal rektor we bilim ministri wezipelerinde işlän wise-premýer Baýramgül Orazdurduýewany hem, sebäbini görkezmän, wezipesinden boşatdy.

Ýurduň iki sany öňdebaryjy ykdysady okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň täzelenmegi ýerli synçylaryň Azatlyk bilen söhbetdeş bolup, bank ulgamyndaky korrupsiýa barda bildirýän çuňňur aladalaryny gytaklaýyn tassyklaýana meňzeýär.

Azatlygyň habarçylary ýurduň okuw jaýlaryndaky parahorluk, korrupsiýa meseleleri barada hem yzygiderli habar berýärler. Emma häkimiýetler bu habarlarda aýdylýan zatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

XS
SM
MD
LG