Türkmenistanyň prezidenti 17-nji iýulda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirip, podpolkownik Amanmuhammet Sazakowy Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belledi.
Türkmen metbugaty ozal bu edaranyň başlygynyň orunbasary bolup işlän Sazakowyň döwlet baýdagyny ogşap, kasam içip, prezidenti öz ýolbaşçylygyndaky işgärleriň ak ýürekden, arassa we halal zähmet çekjekdigine ynandyrandygyny habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýulda geçiren kadr çalyşmalarynyň çäginde migrasiýa gullugynyň öňki başlygy Batyr Wolsahatowy Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine belledi.
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň öňki başlygy Begenc Çaryýew, TDH-nyň maglumatyna görä, wezipesinden işde goýberen kemçilikleri üçin boşadyldy.
Ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň derejesiniň barha ýokarlanmagynyň fonunda, döwlet migrasiýa gullugy daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlaryň iň kän ýüz tutýan edaralarynyň birine öwrüldi.
Türkmenistanda jogapkär emeldarlaryň ýygy-ýygydan çalşyrylmagy adaty bir ýagdaýa öwrüldi.
Türkmenistanda prezidentiň karary esasynda işe bellenen we soň işden boşadylan jogapkär emeldarlaryň işde goýberen kemçilikleri ýa-da düýpli kemçilikleri, olaryň soňky ykballary barada maglumat berilmeýär.